Klub 27 — diňe girelgesi bolan klub

Bayram Agayew
reňkli+
Published in
3 min readApr 28, 2023

“Klub 27”-niň ne belli bir ýeri bar, ne-de bileti. Bu klub, esasan, sungat adamlarynyň girýän, hakykatda bolmadyk klubynyň ady. Bu kluba girýänler yzyna çykyp bilmeýärler. Bu kluba girmek üçin ýekeje bilet gerek, ol bilet hem biriniň jany. “Klub 27” sungat adamlaryny öz içine alýan, sungat söýerler tarapyndan döredilen hyýaly klubdyr. Bu kluba, geliň, ýakyndan seredeliň!

27 club members (The Lantern)

“Klub 27”- bu tanymal aýdymçylardyr sungat adamlarynyň 27 ýaşynda ölenleriniň toparydyr. Aslynda “Klub 27” adalgasy bu klubyň oýlanyp tapylmazyndan bir asyr (bilinýän) öň dörän fenomenadyr. “Klub 27” adalgasy ilkinji gezek 1969-njy ýylda “Rolling Stone” žurnalynda, “Rolling Stones” toparynyň agzasy bolan Brian Jonesiň ölümi barada ýazylanda ulanylýar. Rok-n-roll žanrynyň gaýnap başlan wagtlaryna gabat gelen bu adalga üç ýylyň dowamynda adamlaryň arasynda has köp gürleşilmäge başlanýar. Bolmasa 27 ýaşda ölýän adam sany elmydama az däldi. Bu adalganyň halkyň arasynda meşhur bolmagyna sebäp bolan faktorlaryň biri Brian Jonesiň yz ýany bilen üç sany meşhur aýdymçylaryň ölmegi bolup durýar. Ýagny, üç ýylyň dowamynda dört sany dünýä belli aýdymçylaryň hemmesi 27 ýaşynda aradan çykýar. Şeýlelik bilen, bu kluba Jimi Hendrix, Janis Joplin, Jim Morrison goşulýar.

Brian Jones (Lehtikuva)
Jimi Hendrix

Başlarda, bu adalga kän üns berilmese-de sungat söýerleriň arasynda bu teoriýa meşhurlyk gazanyp başlaýar. Esasan hem “Nirwana” toparynyň solisti Kurt Kobeýn ölüminden soňra, onuň ejesiniň beren interwýusynda “…men oňa şol kluba girme diýip köp aýtdym…” diýmesi bilen “Klub 27” has hem meşhurlaşyp başlaýar. Aýdym-saz we sungat söýüjiler bu fenomeni alyp-göterip, akademiki gözlegler edip, fenomen barada has-da köp gyzyklanyp başlaýarlar. Şeýlelik bilen, “Klub 27” agzalarynyň sanawy düzülýär. Netijede, bu sanawyň başyny 1864-nji ýylda doglan braziliýaly kompozitor, fransuz immigrant Alexandre Levy çekýär. Emma köp kişi bu sanawyň başyna blues žanrynyň karollaryndan biri we “ruhuny şeýtana satan adam” diýip bilinýän Robert Johnsony goýýarlar.

Kurt Cobain, WFNX, 1991. (Julie Kramer.)

Esasy mesele bu ýerde kluba birinji bolup kimiň girenligi däl, eýsem näme üçin bu klubyň barlygy. Elbetde, bu soraga doly we dogry jogap berip biljek adam ýok, şonuň üçin fenomen diýip hasap edäýmek galýar. 2011-nji ýylda heniz 27 ýaşynda neşeden ölen Amy Winehouse bilen bu fenomen mediýanyň üns merkezine oturýar.

Amy Winehouse (Bryan Adams)

Başda bu kluba diňe aýdym-saz döredijiler giren bolsa, bu kluba artistleri, suratkeşleri hem girizip başladylar. Bu adamlaryň, klubyň agzalary bolmagyna bir näçe sebäp bolup bilýar. Neşesinden başlap, özüni heläklemegine, öldürilmäge we ulag heläkçiligine çenli baryp ýetýär.

Şu ýerde aşagyny çyzyp geçmeli faktorlarymyzyň biri — özüňi heläklemek. Siz şeýle ýagdaýlarda meseleleriňizi içiňizde saklamaň, eýsem professionallara ýüz tutuň, esasan hem, erkeklere degişli. Şahsy meseleleriňiz barada gürleşmek we duýgularyňyzy beýan etmek aýyp däl.

--

--