Menýuda iki Hollywood, birem Bollywood kinosy bar — super gahrymanlar, açlyk we Salman Han

renkli+
reňkli+
Published in
4 min readNov 27, 2023

Kinoteatrlarda ýene bir super gahryman filmi peýda boldy. Şereketiň adyny göterýän “The Marvels” (Marweller) film Marvel Kinomatografik Äleminiň (MCU) 6-njy fazasynyň 3-nji, umumylykda-da studiýanyň 33-nji kinosydyr. Filme 34 ýaşyndaky zenan Nia DaKosta režissýorlyk edýär. Bu onuň 3-nji uly metražly kinosy bolup, ýaş režissýor mundan öň “Little Woods” (2018), “ Candyman “ (2021) filmlerini ekranlaşdyrypdy.

“Marvel” studiýasynyň “Ar alyjylar” ( The Avengers) filmlerinden soňky önümlerinde (belki “Black Panther: Wakanda Forever” filmini sanawyň daşynda goýup bileris) ýagny 3-nji fazadan soňky ekran eserlerinde pese gaçyşlyk mese-mälim duýular. Umuman alnanda, soňky ýyllarda super gahryman filmleriniň şowly çykýanyna gabat gelmek kynlaşyp başlady. “Eternals”, “Thor: Love and Thunder”, “Ant-Man and the Wasp: Quantumania”, DC-niň filmlerinden “The Flash”, “ Blue Beetle “ ýaly filmler hem prokatlardan garaşylýan girdejini gazanyp bilmändi, hemem bilermenlerden ýokary baha almandy.

Studiýanyň täze kinosynda baş keşpleri — oskarly aktrisa Bri Larson, şol sanda Iman Wellani hem-de Teýona Parris janlandyrýar. Film “Kapitan Marwel” (Captain Marvel, 2019) hem-de “Ms. Marvel” (2022) gysga göwrümli teleserialyň dowamy bolup, ekran eseriniň býujeti 275 million dollara deňdir. Onuň 55 milliony Britaniýa hökümetinden gelen kömek pul (subsidy) bolup, filmiň agramly bölegi Beýik Britaniýada surata düşürilip, Bakingamşirde ýerleşýän “Pinewood” studiýasynda ekranlaşdyryldy.

Filmiň prokatdan toplany 2 hepdäniň içinde 170 million dollara ýetmedi. Film “Marvel” studiýasynyň prokatda iň az girdejili başlangyç eden kinosy boldy. Hatda filmiň şeýle şowsuz çykmagyndan soň 2026-njy ýylda görkeziljek “Avengers” (Avengers: Kang the Dynasty) filminiň režissýory Destin Daniel Kretton filme režissýorlyk etmekden ýüz öwürdi.

2-nji hepdesinde 4-nji orna düşen filmiň dadyna belki hytaý prokaty ýetişip biler, ýöne olam häzirki wagtda gaty bir mümkin däl ýaly. Filmiň çykdajysyny ýapyp-ýapmajakdygy hem belli däl. Gazanjyndanam belli bolşy ýaly, ortaça 6 balldan ýokary geçip bilmedik ekran eseri. Tomaşa edenleriň ýarysyndan sähelçe gowragy tarapyndan halanan, umumylykda ortatap film bolan bu ekran eseriniň ssenarisini zenanlar — režissýoryň özi bilen bir hatarda, Megan MakDonnel hem-de Elissa Klark dagy bilelikde ýazdy.

Karol Danwers, ýagny Kapitan Marwel ägirt Kree tarapyndan ogurlanan zadyny yzyna alyp, Uly Aňdan arany alýar. Ýöne garaşylmadyk ýagdaýda dünýäniň üstüne howp abanýar we ony halas etmeklik Kapitan Marweliň gerdenine düşýär. Olam Kamala Han, ýagny Ms. Marvel hem-de S.A.B.E.R.-iň astronawty Kapitan Monika Rembeu bilen güýjüni birleşdirip, duşmana garşy göreşmeli bolýar.

2-nji täze filmimiz “Açlyk oýunlary” diýlip atlandyrylýar. Amerikaly zenan ýazyjy Suzanna Kollinsiň meşhur eseri esasynda ekranlaşdyrylan filme belli režissýor Fransis Lawrens režissýorlyk edýär. Filmde 2012–2015-nji ýyllar aralygynda 4 bölüm esasynda ekranlara çykan, baş keşbinde oskarly aktrisa Jennifer Lawrensiň surata düşen “Açlyk oýunlary” filmler toplumyndaky iň uly ýolbaşçy bolan prezident Koriolanus Snowuň ýaşlyk ýyllary barada söhbet açylýar. Bu film hem ýazyjy Kollinsiň köp satyn alnan “The Ballad of Songbirds & Snakes” atly romany esasynda surata düşürilip, ekran eseriniň dowamynyň hem ekranlaşdyrylmagyna garaşylýar.

Resmi ady “Açlyk oýunlary: guşlaryň hem-de ýylanlaryň aýdymy barada ballada” (The Hunger Games The Ballad of Songbirds & Snakes) diýlip atlandyrylýan filmiň režissýory Lawrens ozalky “Açlyk oýunlary” filmleriniň 2–3–4-nji bölümlerini, şol sanda “Konstantin” (Constantine), “Men rowaýaty” (I Am Legend), “Piller üçin suw” (Water for Elephants), “Gyzyl serçe” (Red Sparrow) ýaly ilhalar filmlere režissýorlyk edipdi.

Filmde baş keşbi Tom Blaýt, şol sanda Reýçel Zegler, Joş Andres Riwera, Wiola Dewis, Piter Dinkleýj, Jeýson Şwartsman, Hanter Şafer ýaly Hollywood-yň tanymal şahsyýetleri dürli keşpleri janlandyrýar.

Önümçiligi üçin 100 million dollar çykdajy edilen filmiň surata düşüriliş işleri Polşanyň Wroslaw, Germaniýanyň Berlin, Leipsig, Duisburg şäherlerinde alnyp baryldy. “Lionsgate” studiýasynyň önümi bolan filmiň ssenarisi iki atdaşyň — Maýkl Lessli bilen Maýkl Arndtyň galamyndan çykdy. Filmde ýaňlanýan sazlar dünýä belli kompozitor, öňki “Açlyk oýunlary” filmleriniň hem sazyny ýazan, şol sanda 100-den gowrak filmiň sazlaryny döreden, Emmy, Grammy baýraklarynyň eýesi, Oskaryň 9 gezek dalaşgäri Jeýms Nýuton Howarda degişlidir.

Geçen hepdäniň anna gününden görkezilip başlanan film prokatlardan 125 million dollardan gowrak kassa ýygymyny toplady. Çaklamalara görä, filmiň 300 million dollara golaýlamagyna garaşylýar.

Filmde 18 ýaşlaryndaky Koriolanus Snowuň kynçylykly günleri başdan geçirýän döwürleri hem-de Snowlaryň maşgalasynyň dargamagy barada söhbet açylýar. Koriolanus Snowuň ýolbaşçylyga tarap barýan ýolunda ol, 10-njy “açlyk oýunlaryna” gatnaşýar. Snow 12-nji regionda ýaşaýan Lusi Greý atly gyzyň tälimçisi bolýar. Snow gyzyň ukybyndan ýerlikli peýdalanyp, ýeňiş gazanmak üçin elde baryny edýär.

3-nji täze filmimiz “Tiger 3” diýlip atlandyrylýan hindi kinosydyr. Bu ekran eseri “Ek Tha Tiger” (2012) hem-de “Tiger Zinda Hai” (2017) kinolarynyň 3-nji filmidir. Bollywood-yň öňdebaryjy studiýalaryndan “Yash Raj Films”-iň önümi bolan ekran eserinde meşhur aktýor, 3 Hanyň biri Salman Han bilen owadan aktrisa Katrina Kaif baş keşpleri ýerine ýetirýär. Merhum Yaş Çopranyň ogly Aditýa Çopranyň prodýuserlik etmeginde taýýarlanan filme Maneeş Şarma režissýorlyk edýär. Ol mundan öň Şahruh Hanyň baş keşpde surata düşen “Fan” filmini hem ekranlaşdyrypdy.

156 minutlap dowam edýän filmde ýaňlanýan sazlaryň awtory meşhur kompozitor Pritam bolup, ol başga-da onlarça filmiň sazlaryny düzüpdi.

300 kror rupi, ýagny 38 million dollar çykdajy edilen kino 2 hepde bolmanka 415 kror girdeji gazandy. Ýylyň iň köp girdeji gazanan filmleriniň sanawynda öňdäki orunlara sary barýan kinodaky wakalar “Tiger Zinda Hai” (2017), “War” (2019) hem-de “Pathaan” (2023) kinolaryndaky hadysalar bilen baglanyşyklydyr. Şol filmleriň dowamy hökmünde bolup, ekran eserinde Taýger hem-de Zoýa özüniň hyýanat etmändiklerini, bigünädikleriniň subut etmek üçin göreşýärler.

Film ýerli kinokankytçylar tarapyndan ýokary baha aldy. Aýratynam filmdäki uruşly sahnalaryň şowly çykandygy bellenilýär. Film Mumbaýda, Delide, Stambul, Sankt-Peterburg şäherlerinde, Türkiýäniň syýahatçylyk merkezi Kapadokýada surata düşürildi.

Makalanyň awtory,

Ussa Hajyýew

Originally published at http://renkliplus.com on November 27, 2023.

--

--