Moda görkezilişi näme we ol brende näme üçin gerek?
Modanyň tikinçilik ussahanalarynyň çäklerinden çykanyna eýýäm ýüz ýyldan gowrak wagt boldy. Moda hepdelikleri 70-nji ýyllaryň iň ýörgünli wakalarynyň biridi we häzirki günlerde hem ünsden düşmeýär. Hatda internet döwründe-de dizaýnerler we modeller moda görkezilişleriniň saýasynda meşhurlyk gazanýarlar. Makalanyň bu sanynda moda görkezilişiniň nädip dörändigi, häzirki döwürde nähili rolunyň bardygy we brend üçin näme peýda getirip biljekdigi barada gürrüň bermekçi.
Moda görkezilişi nädip döredi we bütindünýäde meşhur boldy?
Öňler eginbaşlary diňe agaç mankenlerde görkezipdirler. 19-njy asyryň ahyrlarynda fransuz kutýürýe* Çarlz Frederik Wort ilkinji bolup mankeni “janlandyrýar”. Onuň modelleriniň biri aýaly Mari-Awgustina Werne bolupdyr.
Wortyň modelleri janly mahabat bolup hyzmat edipdirler: başda olar diňe onuň eginbaşlarynda ýokary gatlaklaryň çärelerine gatnaşypdyrlar we eginbaşy nireden alandyklary barada gürrüň beripdirler. Birnäçe wagtdan soň Wort görkeziliş ulgamyny döredýär, ýylda 4 gezek öz salonynda myhmanlara täze möwsümde olaryň satyn alyp biljek eginbaşlaryny görkezýär.
Häzirki zaman görkezilişlere has ýakyn bolan konsepsiýany 1905-nji ýylda iňlis kutýürýe Lýusil görkezýär. Ol myhmanlaryň eginbaşlary salondakydan has giňişleýin synlap bilmekleri üçin modelleriň ýöräp biljek darajyk uzyn sahnasyny taýýarlaýar. Defile* saz astynda geçýär we çäre furşet bilen tamamlanýar.
Ilkinji moda görkezilişleri myhmanlaryň eginbaşlary görüp, satyn alyp bilmekleri üçin geçirilipdir, dizaýnerleriň üýtgeşik zatlar bilen tomaşaçylary haýran galdyrmak maksatlary bolmandyr.
Moda görkezilişleri bilen 1900-nji ýyllaryň başynda kutýürýe Pol Puare hem eksperiment geçirýär. Ol öz işlerini hereketde görkezmek isleýär we moda redaksiýalary üçin surata düşüriliş adatynyň düýbüni tutýar. 1911-nji ýylda suratçy Edward Ştaýhen Puareniň köýneklerini “Art&Decoration” žurnalynyň aprel sany üçin surata düşürýär.
Dizaýnerler öz işleriniň göçürilmeginden gorkup, metbugat wekilleri we suratçylar üçin salonlaryň we moda görkezilişleriniň gapysyny köp wagtlap ýapyk saklaýarlar. Bu kadany ilkinji bolup Kristian Dior bozýar we suratçylary moda görkezilişine çagyryp başlaýar.
Pariž we Nýu Ýork moda hepdelikleri
Ilkinji moda hepdeligi “Metbugat hepdeligi” ady bilen Nýu Ýorkda geçirilýär. Industriýanyň ösüşinde Amerikanyň inisiatiwasyndan bimaza bolup, 2 ýyl soňra Ýokary modanyň fransuz bileleşigi ‘ähli moda öýleri her möwsümde azyndan 35 sany gündelik we toý köýneklerini görkezmeli’ diýip, karar çykarýar, hem-de her täze görkezilişlere habarçylaryň we suratçylaryň gatnaşmagyna rugsat berýär.
Ilkinji resmi Pariž moda hepdeligi 1973-nji ýylyň güýzünde geçirildi. Oňa publisist we Nýu Ýork moda hepdeliginiň düýbüni tutujy Eleonora Lambert ýolbaşçylyk etdi.
Pariže ABŞ, Angliýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň modelýerleri gelip başlaýar. Dürli milletleriň medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we dünýägaraýyşynyň garyşmagy eginbaş döretmekde we stiliň öwrülişiginde gözýetimi has hem giňeldýär.
Moda görkezilişleri nähili geçirilýär?
Moda görkezilişlerini 2 topara bölmek bolýar: prêt-à-porter — geýmäge taýýar, haute couture — ýokary moda.
Prêt-à-porter hepdelikleri ýylda 2 gezek — ýazda we güýzde modanyň paýtagtlary bolan Pariž, London, Milan we Nýu Ýork şäherlerinde geçirilýär. Bu hepdeliklerde nobatdaky möwsümleriň trendleri emele gelýär. Olaryň berk gün tertibi bolýar we biri-biri bilen gabat gelmeýär. Bir brendiň görkezilişi 10–15 minut dowam edýär.
Haute couture — Ýokary moda hepdeligi, diňe Parižde geçirilýär. Oňa gatnaşmaga diňe Ýokary moda bileleşigine degişli bolan Moda öýlerine rugsat berilýär. Olar bary-ýogy 16 sany: Adeline André, Alexandre Vauthier, Alexis Mabille, Bouchra Jarrar, Chanel, Christian Dior, Franck Sorbier, Giambattista Valli, Givenchy, Jean Paul Gaultier, Julien Fournié, Maison Margiela, Maison Rabih Kayrouz, Maurizio Galante, Schiaparelli и Stéphane Rolland.
Ýokary modanyň çäklerinde döredilen bu el işleri iň gowy masterler tarapyndan ýeke-täk nusgada tikilip bezelýär we gündelik durmuşde geýmek üçin niýetlenmeýär. Ýokary moda — bu sungata bolan hormaty görkezmek hasaplanýar.
Bulardan başga-da şu aşakdaky aýratynlyklarda görkezilişler geçirilýär:
· Kruiz kolleksiýasy — tomus dynç alyş möwsümine bagyşlanan, maý-iýun aýlarynda goýberilýär. Gysga möwsümleýin bolany sebäpli oňa dizaýnerleriň köpüsi üns bermeýär.
· Pre-kolleksiýa — güýzüň öňisyrasy we alabahar üçin niýetlenen. Bu kolleksiýalar moda hepdeliklerinde görkezilmän, göni satuwa çykarylýar we olar möwsüm trendleriniň perdesini açýarlar.
· Gelinlik lybaslary.
· Kollaborasiýa — bir dizaýner, ýyldyz, sazanda we ş.m. bilen bilelikde döredilen kolleksiýa. Onuň esasy maksady täze ulanyjylary çekmek, auditoriýany giňeltmek we brendiň tanymallygyny artdyrmak bolup durýar.
Sişenbe güni “Gül Zaman” banket zalynda SOYUNO.VA brendiniň “Rodoguna” atly täze kolleksiýasynyň görkezilişi geçirildi. Bu meniň gatnaşan ilkinji moda görkezlişim boldy. Görkezilişden suratlary şu ýerden görüp bilersiňiz: @renkliplus
“See now, buy now” biznes modeli
Birnäçe dizaýnerlere 21-nji asyryň ýaşaýyş akymynda satuwa çykarylmagyndan ýarym ýyl öň kolleksiýany görkezmek amatly däl ýaly bolup göründi. 2016-njy ýylda “see now, buy now” (göreniňden al) biznes modeli döredi. Muňa streetstyle — köçe modasynyň trend bolmagy we halaýan inflýuenseriniň egnindäki eginbaşy satyn almak isleginiň artmagy; moda görkezilişleriniň onlaýn görkezilip başlanmagy, onlaýn söwdanyň ösmegi ýaly faktorlaryň täsiri uly boldy. Dizaýnerler bu modeliň kolleksiýany kabul edip, onuň dükanlarda çykmagy aralygyndaky wagty aradan aýyrýandygyny nygtaýarlar.
Göreniňden al ABŞ-da we Beýik Britaniýada has giňden ýaýrandyr. Fransiýa we Italiýa bolsa heniz hem modelýerleriň döredijiligi çalt moda derejesine düşüp, güýmenje industriýasynyň bir bölegine öwrülmeli däl diýip hasap edýärler.
Internet döwründe oflaýn görkeziliş gerekmi?
Moda industriýasynyň bilermenleri we jemgyýetçilik aktiwistler adaty goýberilişleri ret etmek üçin elinden gelenini edýärler. “Saint Laurent”-iň 2020-nji ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň goýberilişiniň Malibu plýažynda geçirilip, ýerli ekosistema zyýan ýetirmegi we “Chanel”-iň goýberilişinde Şarlotta Kaziraginiň sahna atda çykmagy olary has hem öjükdirdi. Aktiwistler bu goýberilişleriň we eginbaş önümçiliginiň ekologiýa zyýan ýetirýändigini, köp wagt sarp edilýändigini, galyberse-de bu formatyň könelendigini we bireýýäm wirtual görkezilişlere geçmäge çen bolandygyny aýdýarlar.
Hakykatdan hem, wirtual dünýäniň ösmegi moda industriýasyna hem degmän geçmedi. Esasan hem, pandemiýa döwründe köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi gadagan edilendigi sebäpli brendler dijital platformalarynda barlaglar edip başladylar. Brendiň muşdaklaryny ruhlandyrmak maksady bilen “Gucci” modalar öýi 2020-nji ýylda Guccifest atly bir hepdelik kiçiräk festiwal gurnady. Oňa 15 sany ýaş dizaýnerler gatnaşdy we gysga metražly filmlerini görkezdiler. Soňra “Gucci” we “The North Face” markalary kollaborasiýa arkaly dijital eginbaşlaryny “Pokemon Go” oýnuna ornaşdyrdylar.
Wirtual platforma ädilen bu ädimden soň hem ençeme işler edildi — wirtual modeller ýasaldy, olar adaty adamlar ýaly wirtual dünýäde ýaşaýarlar, öz sosiýal mediýa hasaplary bar; wirtual eginbaşlar döredildi, olary onlaýn geýip görüp bolýar; meşhur “Hermes” sumkalarynyň “MetaBirkins NFTs” atly wirtual görnüşi hasaba alyndy.
Oflaýn görnüşdäki moda goýberilişlerini “ýaşadýan”, esasy diýsek hem bolýar, sebäp adamlaryň biri-biri bilen duşuşyp, janly gürleşmegi we industriýadaky peýdaly aragatnaşyklary saklamagy bolup durýar.
Galyberse-de adaty moda goýberilişleri onlaýn platformalarda kontent döretmek üçin uly ýardam edýär. Meň pikirimçe ondan entäkler ýüz öwürmeseler gerek.
Sözlük:
Kutýürýe — hudožnik-modelýer, eginbaş kolleksiýasynyň nusgasyny taýýarlaýan adam. Onuň dizaýnerden tapawudy üýtgeşik ideýalary eginbaşa geçirmegi, gymmat bahaly we ýokary hilli materiýallar bilen işlemegi we işiniň el işi bolup, ýeketäk nusgada ýerine ýetirilmegi.
Defile — eginbaşlaryň modelleriň egninde görkezilişi.