Moda industriýasynyň fewral daýjesti

Enar Rejepova
reňkli+
Published in
3 min readMar 3, 2023

Geçen aýda moda industriýasynda bolup geçen wakalardyr täzelikleri öz içine alýan habar daýjestimiziň birinji sanyna hoş geldiňiz.

Bu aý gynançly habar bilen başlamaly bolduk. 3-nji fewralda “Paco Rabanne” modalar öýüniň düýbüni tutujy, modelýer, parfýumer Pako Raban 88 ýaşynda aradan çykdy.

Ol 60-njy ýyllarda özüniň plastik, kagyz, metal ýaly alternatiw materiallardan tikilen eşikleri bilen bütin dünýä meşhur bolupdy. Öz döwrüne mahsus bolmadyk dizaýnlary sebäpli oňa “Wacko Pako”- däli Pako lakamyny berýärler. Onuň eşiklerini Odri Hepbörn, Jeýn Fonda ýaly tanymal kino ýyldyzlary geýdi. Diňe bir eginbaş däl, eýsem ýörgünli atyrlar toplumy, şeýle hem başgalara meňzemeýän üýtgeşik dünýägaraýyşlary bilen adyny tanatdy.

Kompaniýanyň wekilleri Rabanyň radikal garaýyşlary bilen moda dünýäsinde yz goýandygyny we onuň mirasyny ýaşatjakdyklary barada belläp geçdiler.

Dizaýner Pako Raban özüniň Pariždäki tikinçilik ussahanasynda, 1979-njy ýyl

Repçi we dizaýner Farrel Wilýams fransuz modalar öýi “Louis Vuitton”-yň erkek liniýasynyň kreatiw direktory wezipesine bellendi. Öň bu wezipäni Wirjil Ablo eýeleýärdi. Ol 2021-nji ýylda rak keselinden ýogaldy.

Wilýamsyň brend bilen işewürligi 2004-nji ýylda başlapdy. Onuň üstünlik getiren döredijilik işleriniň sanawyna meşhur “Millionaire” güneş äýnegi we birnäçe zergärçilik harytlaryny görkezmek bolýar.

Brendiň direktory Pýetro Bekkari Farreliň döredijilik ukybynyň modanyň çäklerinden çykýandygyny we onuň “Louis Vuitton”-y täze haýran galdyryjy belentliklere eltip biljegini belledi.

Farrel Wilýamsyň ilkinji kolleksiýasy 2024-nji ýylyň iýun aýynda Parižda geçiriljek erkek moda hepdeliginiň çäginde görkeziler.

Farrel Wilýams Londonda “Lion King” kinosynyň premýerasynda

Indi bolsa moda industriýasynda iň garaşylan täzelik bilen dowam edeliň. Britaniýaly modelýer Fibi Faýlo (Phoebe Philo) sentýabrda özüniň täze brendi bilen gaýdyp geler. Onuň muşdaklary bu habara eýýäm bir ýarym ýyl bäri garaşýardylar.

Häzirki zaman dizaýnerleriň arasynda öz adyny hakyky kulta öwürenleri köp däl. Feminizm barada “gygyrmak” heniz trend bolmazyndan köp ýyllar öň, hut Fibi “täze näzikligi”, “zenan garaýyşy” (female gaze) oýlap tapdy. Haçan-da 2010-njy ýylda onuň “Celine” brendi üçin ilkinji kolleksiýasy goýberilende, hiç kim geljekki birnäçe ýyllar üçin modanyň ugruny bu goýberilişiň kesgitlejegini göz öňüne hem getirmändi. Indi siz palto-kokon*, rahat bokurdakly žempir üçin kime minnetdarlyk bildirmelidigiňizi bilýärsiňiz.

Fibi Faýlonyň täze brendi phoebephilo.com web sahypasynda goýberiler we oňa hasaba alynşyk iýun aýynda açylar.

*palto-kokon — bu bedeni yzarlaýan dürs liniýalary we berk karkasy bolmadyk paltonyň bir görnüşi. Ýapaşak eginli, giň omuzly we billi bu biçüw rahatlygy üpjün edýär.

Fibi Faýlo we onuň döreden keşpleri (obrazlary)

“Vanity Fair” moda we medeniýet baradaky amerikan žurnalynyň her ýylky Golliwuda bagyşlanyp çykarylýan täze 29-njy sany goýberildi. Onda senagaty ösdürýän, gelejegi şöhlelendirýän 12 sany parlak ýyldyzlar jemlenen. Olar öz üstünlikleri, kynçylyklary, ýakynlarynyň goldawlary, janlandyran keşpleri barada gürrüň berýärler. Doly interwýuleri žurnalyň resmi sahypasyndan okap bilersiňiz.

Fewral aýynda London we Milan moda hepdelikleri geçirildi, häzir Parižda dowam edýär we 10–15-nji martda Dubaýda (täzelikde bütindünýä moda hepdelikleriniň gün tertibine goşuldy) geçiriler. Bular we umuman moda hepdelikleri, görkezilişler hem-de olaryň brend üçin wajyplygy barada indiki makalamyzda okap bilersiňiz.

Bonus

23-nji ferwalda ýerli brend DÄP hem bahar kapsula kolleksiýasyny satuwa çykardy. Bu kolleksiýa köne ýatlamalara bagyşlanan bolup, “Nastolgia” diýip atlandyryldy.

Her bir adamyň özüne mahsus ýatlamalary bolýar. Brendiň dizaýnerleriniň aýtmagyna görä, olar bu kolleksiýa bilen geçmişiň äheňini häzirki zaman biçüwler bilen utgaşdyrmak isläpdirler: daşyna çykarylan tikinler, öçügsi reňkler, welwet, printler.

Surat: DÄP

Redaktordan: Bir aýyň dowamynda moda industriýasynda bolup geçen täzeliklerden wajyp hasaplaýanlarymyzy saýlap, her aýyň soňky sanynda paýlaşmagy göz öňünde tutýarys. Eger bu daýjesti beýleki bölümlerde hem okamak isleseňiz bizi habarly ediň!

--

--