Mozarty diňläp, Glen Guldy eşitmek

Bayram Agayew
reňkli+
Published in
3 min readMay 26, 2023

Meşhur bolmaýan we türkmen okyjylaryň arasynda barmak basyp sanaýmaly adamyň ünsüni çekip biljek bir temaň üstüne gidip kejirlik etmek isleýärin. Bu hereketi PR manysynda özüňi gömmek diýip hasap edip bileris. Onsuzam, ummasyz ýitirýän zadym bolmansoň öjükdirmäge dowam etmekçi. Ine şonuň üçin hem üstünde köp oýlanyp, ýazmaga karar beren makalamyň gahrymany Glen Guld.

Glenn Gould Bach-yň komposiziýasyny ýazga geçirende (Fred Plaut, via Sony Music Entertainment)

Glen Guldy klassik — ýa-da käbir akyllysyrajak bolýanlaryň aýdyşy ýaly akademik saz — bilen gyzyklanýanlar menden gowy tanaýandyrlar. Tanamaýanlara bu adamy gysgaça tanadaýyn, tanaýanlara bolsa bu adam baradaky garaýyşlaryna başga bir prespektiwa goşmak niýetim bar.

Biografik zibiliň arasyndan derdiňe ýaraýjaklary çöplap alanyňda Glen Guld barada şeýleräk netije çykýar: doglan we önüp ösen ýeri Kanada, maşgalanyň ýekeje çagasy. Çagalykdan ejesi piano çalmagy öwredip başlaýar. Guld asperger sindromy bolan bir çaga bolany üçin bar ünsüni saza berýär. Ilki ýerli ybadathanada saz çalyp başlaýar, soňundanam, konserwatoriýa girip, okuwyny şol ýerde dowam edýär. Şu ýere çenli geň galdyryjy bir pianista meňzänok. Özüni hudaý ýaly görýän ýa-da özüni medeniýetiň gözbaşy hasap edýän narsist konserwatoriýa mugallymlaryndan kän bir tapawudy ýok ýaly.

Bu adam klassik saza düýbünden täze tagam getirýär. Elbetde, gözenekden çykmaga gorkýan şol narsistler we olaryň özlerini beýik we mukaddes bir medeniýetiň parçasy hasap edýän çüýrük muşdaklary Glene garşy çykýarlar. Sebäbi olara üýtgeşiklik, özboluşlylyk, şahsy tejribe ýaly aýratynlyklaryň hiçisi gerek däl.

Özüni, ömrüni, ähli pikir-düşünjesini saza beren Glen Guldy konserwatoriýa mugallymlary, garaşylşy ýaly sylamadylar; olary ne saz, ne pikir, ne-de duýgylar gyzyklandyrýardy. Bu mugallymlaryň esasy üns berýän zady tehnika öwretmek we şonuň bilen nokady goýmakdy. Şolary, Watikan ýaşaýjylaryna meňzetmek ýerlikli bolar. Ikisi hem bir wagtlar ölüp giden zady direltjek bolup, belli ýerlerini ýyrtyp, “diri” diýip gygyrýarlar. Emma, aslyna seredeniňde özleri hem diriligine ynanmaýarlar. Bu ýerde esasy mesele ynanyp ynanmazlykda däl-de, eýsem şol güýji ýitirmezlikde.

Glen Guldyň özi nähili hem bolsa gowy terbiýe alan biri bolansoň, çüýrükleriň ýüzüne güpületip bir zat diýmedi, emma aýtmak isleýän ähli beýanlaryny sazyň üsti bilen ýetirdi. Glen Guldyň sazyň üsti bilen aýtmak islän zatlaryny gysga, köçe dilinde bir sözleme jemlejek bolsam şeýleräk bolardy: “Bl*at, ine size saz, men şu sazy şeýle çalasym gelýär. Diňlemek islemeseň, ýumda oturaý.”

Mozart sözüni eşidenlerinde gyllygy akýanlaryň hemmesi Glen Guldyň Mozart baradaky ýazgysyny we onuň Mozartyň sazlaryny özüçe çalyşyny diňläp, agyzlaryny köpürjikledip başladylar. “Ýok, Mozart-yň sazlaryny beýdip çalmaly däl. Mozarty sylamajak bolýaň!” diýip aglaýyşlary henizem keýp berýär.

Glen Guldyň iň söýýän kompozitory Bah diýip bileris sebäbi Bahyň Goldberg wersiýalarynyň ählisini diýen ýaly sahnada çalyp, ýazga geçirdi. Bahyň ýany bilen Bethowen, Skrýabin, Sibelius, Brahms ýaly kompozitorlaryň sazlaryna öz duýgularyny gatyp, öz dili bilen janlandyrdy.

Döwürdeşleriniň we saz kritikleriniň Gulda garşy öňe sürýän esasy argumentleriniň biri — haçan-da Glen Guld saz çalanda, kompozitory däl-de, eýsem Glen Guldy eşidýändikleri bolup durýar. Bu argumente “meniň isleýşim ýaly saz çal” manysynda düşünip bileris. Bu wakanyň gülkünç tarapy hem, üstünden birnäçe ýyl geçenden soňra şol kritiksumoklar Glen Guldy “geniý” diýip agzap geçýärler.

Onuň halaýan kompozitorlaryna seredip, Glen Guldyň romantiklary ýigrenýändigine düşünip bilýäris. Birnäçe ýerde bolşy ýaly, şu ýerde hem onuň bilen ylalaşýaryn.

Glenn Gould (Don Huntstein 1980)

Eger klassik sazlar bilen gyzyklanan/ýan bolsaňyz, Glen Guldyň TW programmasynda klassik saz teoriýalary baradaky leksiýalaryny görüp we diňläp bilersiňiz. Şeýle hem onuň Bahyň kompozisiýalaryny ýerine ýetirişini şu linkiň üsti bilen diňläp bilersiňiz: https://youtube.com/playlist?list=OLAK5uy_nhk5yuM7TrBDq5eS6WFM90w54S3kTt5qQ

--

--