Mugallym we okuwçy üçin peýdaly internet sahypalary

Batyr Gurbansahedow
reňkli+
Published in
4 min readApr 5, 2021

Sapaklaryň üstünlikli, guramaçylykly we has gyzykly geçmegi, özleşdirilýän temalaryň döwrebap bolmagy üçin diňe okuw kitaplary ýeterlik däldir. Tehnologiýanyň ösen döwründe ýaşap, kompýuter we internetdan peýdalanyp bilmezlik, meniň pikirimçe, uly aýyp. Dürli sahypalarda “surf” edenimden soňra, ulanmasy aňsat we peýdaly bolup biljek saýtlaryň sanawyny we olar barada gysgaça maglumaty Size ýetirmekligi ýüregime düwdim.

Canva.com — 2013-nji ýyldan bäri işini ýöredip gelýär. Bu sahypa 100 dili, şol sanda rus, türk, iňlis dillerini öz içine alýar. Canva-nyň teklip edýän mümkinçilikleri örän uly we mugt: prezentasiýalary, wideolary taýýarlamak, suratlaryň üstünde işlemek, dürli posterlary taýýarlamak. Şeýle hem saýtyň öz teklip edýän taýyn taslamalaryndan peýdalanyp bolýar.

Mugallymlar üçin: Okuwçylary höweslendirmek üçin dürli grafikly we bezegli hormat hatlary taýýarlamak; sapakda görkezme esbap hökmünde ulanar ýaly posterleri ýasamak.

Okuwçylar üçin: mugallymyň tabşyran özbaşdak ýumuşlaryna döredijilikli taýýarlanmak; öz ýumuşlaryňyzy saýtyň üsti bilen wideo we prezentasiýa şekillerine getirip bilersiňiz.

Islendik çeper eseri gysga wagtda okamak isleýän bolsaňyz, onda briefly.ru siziň göwnüňizden tursa gerek. Bu saýt diňe rus dilinde bolup, müňlerçe dünýä edebiýatynyň eserlerini gysgaça gürrüň berýär, her bir eseri 10–15 minudyň içinde okap, onuň düýp many-mazmuny bilen tanyşyp bolýar.

Rus dili ýurdumyzda öwrenilýän we geplenilýän esasy dilleriň biri bolup, bu dile bolan isleg kem-kemden artýar. Eger-de dürs ýazuwyňyzy barlamak we rus dili edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmak isleýän bolsaňyz gramota.ru saýtyndan hem peýdalanyp bilersiňiz. Bu internet sahypasy dürli bölümlerden ybarat bolup, onda rus sözleriň dogry ýazylyşy we ulanylyşy babatda sözlükler, rus sözleriniň etimologiýasy barada gyzykly makalalary okap bilersiňiz. Şeýle hem saýtda dürli tematiki bölümler bar.

kitaphana.net saýty bilen köpüňiziň tanyş bolmagyňyzam mümkin. Bu internet sahypasy öz işini 2018-nji ýyldan bäri dowam edip, türkmen dilinde meşhur sahypalaryň biri hasaplanylýar. Öz içine türkmen dilinde çap edilen dürli çeper edebiýat ýygyndylaryny, şeýle hem okuw kitaplarynyň uly goruny alýar. Bu sahypa şeýle hem orta mekdep mugallymlary üçin meýilnamalary taýýarlamaga we sapak ýazgylaryny ýazmaga tölegli ýardam etmek hyzmatyny teklip edýär.

Iň söýgüli hasaplaýan saýtlarymyň biri hem enedilim.com. Meniň pikirimçe bu internet sahypasy soňky on ýyllykda türkmen dilinde edilen iň uly proýekleriň biri. Belläp geçmeli zadymyz, ýakynda bu saýtyň döredilendigine 10 ýyl boldy. Bu saýt türkmen diliniň düşündiriliş sözlüginden, ýazuw barlaýjydan, kirilden (rus diliniň elipbiýi) türkmen elipbiýine geçirijiden, uly göwrümli kitaphanadan we türkmen diliniň grammatikasyndan ybaratdyr. Şeýle hem ene dilim saýty özüňi synamak üçin dürli testleri hödürleýär.

khanacademy.org internet sahypasy dürli ýaşlardaky okuwçylara dürli dersler boýunça, ýagny başlangyç synplardan tä uniwersitetiň sapaklaryna çenli tölegsiz kurslary almaga we SAT ýaly halkara synaglara taýýarlanmaga mümkinçilik berýär. Bu saýt okuwçy, mugallym we ene-atalar üçin ulanmaga aňsat we göze ýakymly dizaýnda döredilendir.

“Men siziň web sahypaňyzy ýakynda tapdym. Men 72 ýaşymda we häzir men öňki galan ýerimden okamagymy dowam etmäge başladym” diýip, Barbara atly ulanyjy bu saýtda ýerleşdiren teswirinde ýazýar.

“Khan Academy” öz maglumatlaryny dünýäniň 36 dilinde okamaga we öwrenmäge mümkinçilik berýär.

ajapsozluk.com saýty hem adyndan belli bolşy ýaly terjimeçilik we sözlük hyzmatlaryny hödürleýär. Özüniň ýönekeý interfeýsi saýtdan peýdalanmagy örän aňsatlaşdyrýar. Saýt 3 bölümdeen ybarat: baş sahypa, terjimeçi we kätip.

Baş sahypada siz 11 dilde sözleriň terjimesini tapyp bilersiňiz. Terjimeçi bölüminde birnäçe sözi bir wagtda terjime etmek bolýar. Tutuş sözlemi terjime etjek bolanyňda köplenç grammatiki nädogrylyk bilen terjime edýär. Saýtyň kätip bölüminde sözleriň we sözlemleriň dogry ýazylyşyny barlap bolýar. Eger-de haýsy sözde ýalňyşlyk goýberen bolsaňyz, onda şol sözi sözlemden gyzyl reňkde tapawutlandyryp görkezýär.

Redaktordan: Reňkli sahypanyň okyjysy hökmünde agzalan saýtlaryň aglabasyny eýýäm ulanýan bolmagyňyz hem mümkin. Mugallymçylyk edýän tanyşlaryňyza bu makalany ugratmak arkaly olaryň hem bu çeşmelerden peýdalanmaklaryna kömek edip bilersiňiz! Esasan hem orta mekdeplerde sapagyň reňkli geçmegi hem mugallymyň işini aňsatlaşdyrýar, hem-de okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar.

--

--