Mugallym okuwçy bilen nähili gatnaşyk saklamaly?

Batyr Gurbansahedow
reňkli+
Published in
2 min readMar 20, 2021

“Mugallym” sözüni okanyňyzda ilki bilen aňyňyza nähili keşp gelýär? Položitel adammy ýa-da otrisatel? Mugallym bilen baglanşykly gowy ýatlamalaryňyz köpmi ýa-da ýaramaz ýatlamalaryňyz?

Soňky soragy öz okuwçylarymdan we “Twitter”-de soranymda, olaryň aglabasy gowy ýatlamalar bilen jogap berdiler. Meniň özüm mugallymlary iki kategoriýa bölýän: gowy mugallym we erbet mugallym. Eger-de mugallym okuwçylary bilen gowy aragatnaşykda bolup, öz okadýan sapagyny okuwçylaryň azyndan 50–60 göterimine ýetirip bilýän bolsa, onda ol birinji kategoriýa degişli. Eger-de mugallym okuwçylary bilen gowy aragatnaşykda, emma dersini düşündirip bilmeýän bolsa, ýa-da tersine, sapagyny gowy düşündirip, okuwçylary bilen gowy aragatnaşyk saklap bilmeýän bolsa, onda ol ikinji kategoriýa degişli.

Mugallym köplenç birmahallar özüniň hem okuwçy bolandygyny ýadyndan çykaryp, okuwçydan sapaga okuwçy hökmünde däl-de, mugallym hökmünde garamagy talap edýär. Netijede okuwçy bilen mugallymyň arasyndaky arabaglanyşyk ýitýär.

2006–2008-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň 32 ştatynda 569 mekdepde 41 400 sany okuwçynyň gatnaşmagynda uly soragnama geçirildi. Soragnama gatnaşanlar dürli maşgaladan we milletlerden gelýän 6–12-njy synp okuwçylaryndan ybarat boldy.

Geçirlen barlag örän täsin netijeleri berdi. Hasabata görä, okuwçylaryň aglabasy mekdepden lezzet alyp, ony şowly tamamlamak isleýärler. Şeýle hem, olaryň alýan bilimi olaryň gündelik durmuşlary bilen bagly bolmagy, mugallymlaryň okuwçylaryň her birini şahsyýet ýaly kabul etmeklerini isleýändiklerini görkezdi. Barlagda görkezilen netijeler barada gysgaça:

· Okuwçylaryň 65 göterimi mugallymyň olar üçin gowy nusgadygyny belleýärler.

· 54 göterimi sapaklaryndan lezzet alýarlar we 64 göterimi öwrenmegiň gyzyklydygyna ynanýarlar.

· 48 göterimi mugallymlaryň okuwçylary şahsyýet hökmünde kabul etmeýändiklerini öňe sürýärler.

· 45 göterimi mekdepden galsalar hem mugallymlary üçin parhy ýok diýen ýaly duýgulary başdan geçirdiler.

Ýokardaky maglumatlary paýlaşmagymyň sebäbi, eger-de Siz mugallym bolsaňyz, onda bu netijeleri göz öňüne tutup, öz okuwçylaryňyzyň mekdebe we Size bolan garaýyşlaryny öwrenmegiňiziň wajypdygyny görkezmek üçindir. Çünki her bir okuwçynyň dünýägaraýşyny we isleglerini öwrenip, olarda mekdebe we bilime bolan höwesi artdyryp bolýar.

Okuwçylara okadýan dersiňden daşary gyzyklanma bildirmek, ýagny boş wagtlaryny nähili geçirýändikleri, özlerini duýuşlary, mekdebi göýbermekleriniň sebäbi bilen gyzyklananyňda, olaryň meýilleri, ýakyn dostlary bilen bagly soraglaryň üsti bilen gyzyklanmaklyk okuwçyda mugallyma bolan yssy duýgulary döredýär.

Sapagyň gyzykly geçmegi we öwredilýän materiallaryň özleşdirilmegi esasan okuwçynyň mugallyma bolan simpatiýasyna bagly bolup durýar. Okuwçy mugallymy ýakymly adam hökmünde kabul edip bilmese, onda şol mugallymyň sapagyna bolan höwesi hem gaçýar.

Psihologlaryň aýtmagyna göre, haçan-da bize ýakymsyz adam birzat aýdanda beýnimiz diwar gurup, garşydaky adamdan gelýän islendik maglumaty kabul etmegi inkär etýär.

Mugallym — okuwçy gatnaşygyny berkidip biljek käbir soraglar:

Şahsy soraglar:

· Synpda ýakyn dostlaryň kim?

· Gyzyklanmalaryň näme?

· Iň buýsanýan zatlaryň näme?

· Seniň üçin iň gowy hünär?

· Haýsy başarnyklary öwrenmek isleýäň?

· 5,10,20,30 ýyldan özüňi nähili görýäň?

Mekdebe bolan garaýyşlary:

· Mekdepde iň halaýan we iň halamaýan zadyň? Näme üçin?

· Mekdepde özgertmek isleýän zadyň näme?

· Seniň üçin öwrenmegiň iň aňsat usuly?

· Mugallymlarda iň halaýan we iň halamaýan häsiýetiň?

Mekdep, mugallym bilen baglanşykly nähili ýakymly ýatlamalaryňyz bar? Teswirlerde paýlaşyp bilersiňiz.

(soraglaryň käbirleri şu çeşmeden alyndy)

--

--