“My cup, please” ýa-da durnuklylyga tarap ekologik ýol

renkli+
reňkli+
Published in
2 min readSep 30, 2023

Bu kitaby okan döwrüm institutda işleýärdim. Şol döwür institutyň naharhanasynda “Kitap nokady” diýen tekjäni döredip, talyplarymyň arasynda “bookcrossing” diýen düşünjäni hem ýaýradypdym; emma gürrüň bu barada däl. Gürrüň, Ýelena we Olga Mironenkolaryň “Ахилл не носил одноразовых бахил. Понятное руководство по экологичному образу жизни” atly kitaby barada.

Meşhur ekologlaryň bu kitaby 2021-nji ýylda Russiýanyň “Eksmo” çaphanasy tarapyndan çap edildi. Kitabyň “öý, şäher, dünýä we kelle” diýen ýaly bölümlerinde her bir adamyň tebigat üçin öý, şäher, dünýä we kellesindäki pikirler derejesinde edip biljek eko goşuntlary barada we plastmassanyň biziň saglygymyz üçin zyýany barada gaty sada dilde düşnükli gürrüň berilýär.

Kitap barada gowy seslenmeler kän, emma eko durmuşyň tarapdarlary kitabyň kagyz görnüşde çap edilmegini goldamaýarlar. “Eco lifestyle” bilen täze gyzyklanyp başlanlar kitaby gollanma hökmünde ulanyp bilerler, emma bu tema bilen öňden bäri gyzyklanýanlar üýtgeşik bir täze maglumat tapmazlar. Kitapda berilýän maslahatlary internetde ýeňillik bilen tapyp bolýar, emma Mironenko doganlar bu maslahatlary ulgamlaşdyryp, amaly manual hökmünde hödürleýärler. Kitaby “hökman okamaly” diýen pikir bilen okap başladym, ýöne soňabaka edil çeper eseri gyzyklanyp okaýşym ýaly elimden düşürmän tiz wagtyň dowamynda okap gutardym. Kitapda gündelik durmuşdaky eko endikler barada agzalsa-da, iş ýerimizde eko şertleri döretmek barada maglumat gaty az berilýär.

Şeýle-de bolsa bu kitap meniň dünýägaraýşymy düýbünden üýtgetdi. Kitapda öňe sürülýän “zero waste” diýen ýörelgäni goldap, indi men ýanym bilen hemişe öz termokružkamy alýan, paketsiz oňup bolýan ýagdaýlarda şopperymy ulanýaryn. Uzak bolmadyk aralyga pyýada gidýän, lifty boldugyça az ulanmaga çalyşýaryn. Bir gezek ulanylýan truboçkalaryň (sypaljyklar) ýerine demirden ýasalan köp gezek ulanylýan görnüşini satyn aldym.

Makalanyň awtory,

Agagül Amirkulowa

reňkli+ neşiriniň esasy maksady häzirki zaman pikirlerden we gymmatlyklardan ugur alyp, döreýän trendleri düşnükli dilde okyja ýetirmekdir. Sebäbi reňkli+ neşiriniň merkezinde okyjy bardyr. Geliň, bu maksadymyza ýetmegimize goşant goşuň!

Originally published at http://renkliplus.com on September 30, 2023.

--

--