Notre Dame de Paris — söýgi üçburçlygy

Bayram Agayew
reňkli+
Published in
6 min readAug 6, 2023

Bu gezek makalany düýbünden başgarak bir tema bilen açmakçy. Edebiýatda we edebi terjimede käbir atlary ýa-da sözleri terjime etmän, göni almagyň tarapdary. Türkmen diline terjime edilen belli bir romany ýa-da kitaby gözläniňde düýbünden üýtgeşik bir many goşulyp, terjime edilen maglumat garşyňa çykýar. Şonuň üçin şu ýazgyda hem asyl çeşmesindäki ady ulanmakçy we ulanmaga dowam etmekçi.

Asyl meselä ne aýdym, ne-de saz industriýasyna girmän teatral bir ýol bilen barmakçy. Sözüni etmekçi eserim iň köp sahnalandyrylan mýuzikal, iň köp tomaşaçysy bolan teatr sahnasy, iň köp albomy satylan mýuzikal bolmagy bilen üns çekmän, eýsem onuň döremegine sebäp bolan kitap bilen ünsi çekýär. Bu kitap hem meşhur fransuz ýazyjysy Wiktor Gýugonyň (Victor Hugo) Notre Dame de Paris atly kitaby. Bu kitaba görä döredilen mýuzikal ilkinji gezek 1998-nji ýylda Pariž Kongres Köşgünde tomaşaçylara ýetirilýär. Mýuzikalyň sözlerini Luk Plomandon, sazlaryny Riçard Kokkiante ýazyp, sahnalaşdyran Gilles Maheu, tanslaryny bolsa Martino Müller goýýar.

Hekaýa geçmezden öň Wiktor Gýugony bu kitaby ýazmaga iteren bir wakany agzap geçmekçi. Aslynda, bu katedraly Wiktor Gýugo wagtynda ýykmaga synanyşýarlar we Gýugo katedraly goramak üçin bu eserini ýazýar we kitap okyjylaryň arasynda gysga wagtda meşhurlyk gazanýar. Indi, kitaby okamadyklar üçin gysgaça hekaýanyň mazmunyna degip geçeliň. 15-nji asyr. Pariž. Esasy wakalaryň yzygiderligi bilen gitsek, hekaýanyň gahrymany Esmeralda heniz bäbek wagty syganlar tarapyndan sallançakdan ogurlanýar we onuň ýerine maýyp, bedroý Quasimodo taşlanyp gidilýär (kitapda doly aýdylmasa hem Esmeralda Ispaniýa alynyp gidilýär). Esmeraldanyň ejesi Gudule uýa (ilki söýgi zenany bolup, soňra dine baglanýar) heniz bäbek bolan Quasimodony görüp, aglap, ony katedralyň oňüne taşlap gaýdýar. Quasimodony ol ýerden, şol wagt katedralda ýönekeý dini adam bolup işleýän Frollo alýar we öz jigisi bilen bile ulaldýar. Emma, Frollo ne öz jigisini, ne-de Quasimodony isleýşi ýaly ýetişdirip bilmeýär we şonuň üçin durmuşa bolan höwesini ýitirip, özüni has-da dine we bilime berýär. Bu ýerden soňra hekaýanyň dowamyny mýuzikala görä dowam edip gitmekçi.

Mýuzikalyň birinji akty, Notre Dame de Paris katedralyna gelen syganlaryň, ýetimleriň katedralyň esasy din adamsy bolan Frollo tarapyndan kowulmagy we Karolyň esgeri bolan kapitan Phoebusy olary öldürmäge çagyrmasy bilen başlaýar. Şol ýerde hem Frollo we Phoebus, ilkinji gezek Esmeraldany görýärler we aşyk bolýarlar (kitapda, Frollo katedralyň öňünde geçisi bilen tans edip duran Esmeraldany görýär we ony jadygöýlük bilen günäläp kowýar). Pierre Gringoire atly köçe şahyryň alyp barýan “Samsyklaryň patyşasy” atly şowhunly ýaryşynda halkyň içinden iň bedroý bolany saýlanýar we iň bedroý diýilip Quasimodo saýlanýar. Quasimodony “samsyklaryň papasy” diýip yglan edýärler. Şol şowhunyň içinde Quasimodonyň gözleri Esmeralda düşýär. Şowhunyň iň gyzgalaňly ýerinde Frollo gelip Quasimodony alyp gidýär we agşam iki bolup, Esmeraldany ogurlamagyň planyny düzýärler. Bu ýerde Frollo we Quasimodonyň arasyndaky gatnaşyk edil it we onuň eýesi ýaly. Frollo we Quasimodo, Esmeraldany ogurlajak bolanlarynda aralaryna kapitan Pheobus girýär we Esmeraldany halas edýär. Esmeralda hem şol ýerde Pheobusa aşyk bolýar we ol ýerden uzaklaşýar. Ähli bolup geçen wakalara şaýat bolup duran şahyr Gringoire, Esmeraldanyň yzyndan gidýär we şol katedraldan kowulan ýetimleriň, öýsüzleriň we ogrularyň ýaşaýan ýerine düşýär. Şahyry ol ýerde tutýarlar we ýerlilerden biri ony özüne ýoldaş edip almasa ony öldürjekdiklerini aýdýarlar, şol ýerde hem Esmeralda ogrularyň başy bolan Clopiniň öňüne geçip, şahyry özüne ýoldaş edip aljakdygyny aýdýar, emma Gringoire bilen Esmeraldanyň arasyndaky gatnaşyk är-aýal gatnaşygy däl-de, eýsem dost gatnaşygy. Esmeralda şol ýerde birinji gezek Gringoire aslynda kapitan Pheobusa aşyk bolandygyny aýdýar.

Pierre Grinoire

Esmeraldany ogurlap bilmän tutylan Quasimodo halkyň öňüne çykarylyp urulýar. Şol ýerde Quasimodo suwsuzlykdan ýalbaryp halkdan kömek soraýar we oňa suw beren ýekeje kişi Esmeralda bolýar. Oýunyň şol aktynda, köpler tarapyndan bilinýän, meşhur “Belle” atly aýdymyny aýdýar. Sahnanyň şol ýerinde hem oýunyň esasy üç gahrymany üýşüp, Esmeralda bolan biri-birine meňzemeýän söýgülerini dile getirýärler. Ömründe bir gezek hem hiç hili mähir ýa-da söýgi duýgusyny duýup görmedik, “enem-atam hem meni taşlap gitdi” diýip, ýakaryş edýän Quasimodo garaşylmadyk ýerden Esmeraldadan kiçijek hem bolsa mähir görýär we oňa aşyk bolýar. Quasimodonyň gözünde Esmeralda ýönekeý bir adamlykdan çykyp hezreti Merýemiň keşbini alýar. “Mundan soňra Notre Dame doga etmegiň näme manysy bar?”, “Oňa ilkinji daş atanyň ýer ýüzünde ýaşamaga haky ýok” diýýär. Quasimodonyň Esmeralda garşy bolan islegi jynsy däl-de, eýsem psihoanalistleriň aýdyşy ýaly, “ene söýgüsine meňzeýär”, sebäbi Quasimodonyň ýekeje islegi ellerini Esmeraldanyň saçlarynyň içinden geçirmek, ýa-da başyndan sypalamak diýip, düşünip bileris. Quasimodo aslynda iň köp ejir çekýän gahryman, sebäbi soýülip bilinjek haly, owadanlygy ýa-da ýüzi ýok. Gyzykly tarapy, Quasimodo özüniň söýülip bilinjek bir jandar bolmadygynam bilýär we şol adalatsyzlygy barada oýunyň “Dieu que le monde est injuste” atly aktynda dile getirýär.

Quasimodo

Bu üç burçlugyň bir ujunda bolsa ýaşlykdan özüni dine we bilime beren Frollo. Şu ýaşyna çenli bir gezek hem jynsy gatnaşyga girip görmedik we özüni, aklyny we bedenini durşy bilen taňra bagyşlan adam. Şu wagta çenli onuň içinde gömük ýatan jynsy arzuwyny hiç kim oýarmadyk we şol arzuwa garşy özüni daş kimin berkiden din adamsy ilkinji gezek şol arzuw bilen Esmeraldanyň garşysynda ýykylýar. Içindäki şol arzuwy oýaranlygy üçin ilki Esmeraldany şeýtan diýip günäleýär we “Esmeralda içinde ilkinji günäni göterýär” diýýär (bu ýerde hem Ybraýymyň dininden diýlip hasaplanýan üç dinde hem aýdylşy ýaly ynsanyň jennetden kowulmagyna sebäp bolan günä barada söz açylýar). Şunça ýyllap din bilen ähli beden arzuwlaryna garşy ören diwaryny ýykan Frollonyň gözünde Esmeralda şeýtandan pygambere öwrülýär. Frollo: “Prostitut we hiç kim diýlip alnan, meňzeýär ol ynsanlygyň haç agajyn daşaýana” (bu ýerde hem Isa pygamberiň agajy arkasynda daşamagyna meňzetme bar). Frollonyň Esmeralda bolan islegi we gatnaşygy diňe jynsy diýip hasap edip bileris, sebäbi Frollonyň hem aýdyşy ýaly “Notre Dame rugsat ber bir gezek girmäge Esmeraldanyň bagyna” (Notre Dame ybadathana bolanlygy üçin taňry bilen assosasiýa bar). Emma, Frollony üýtgeşik kylýan zat, onuň şu wagta çenli ähli jynsy isleglerden gaçmasy we jynsy gatnaşyga girmejekdigi baradaky taňra beren sözi bolup durýar. Frollo öz-özi bilen uruşýar; edil şeýtan we perişdeleriň ikisiniň arasynda gidip gelýän ýaly. Oýunyň 23-nji “Tu Vas Me Detruire” atly aktynda aýdyşy ýaly “öýdýärdim özümi polatdan adam, uzak bolan oda hem ataşa, indi otda ýanýaryn nätanyş bir bakyşa”. Frollonyň düşen gününi Gamletiň aýdyşy ýaly “ölmekmi ýa-da galmak” diýip jemläp bileris.

Frollo

Söýgi üç burçlugynyň üçünji burçunda bolsa kapitan Phoebus bar. Indi, bu ýerde ýazyjy söýgi bilen aşyk bolmagyň arasyndaky tapawudy görkezjek bolýar. Esmeralda we Phoebus biri-birine aşyk, emma Phoebus, Fleur de Lys de Gondelaurier atly başga bir gyzy söýýär we şol gyz bilen adagly. Beýleki bir tarapdan bolsa döwrüň halk gatlaklaryndan ýaňa Phoebus, Esmeralda bilen durmuş gurup bilmeýär we geljegini onuň bilen bile göz öňüne getirip bilmeýär. Phoebusyň Fleur-de-Lys bilen durmuş gurmasy onuň karýerasy tarapyndan hem gowy tarapa ýol alýar. Phoebus bir tarapdan Esmeralda bilen bile bolmak islese, başga bir tarapdan bolsa Fleur de Lys bilen ýene hiç zat bolmadyk ýaly durmuşa dowam etmek isleýär. Phoebus hem Frollo ýaly iki diwaryň arasynda galýar. Phoebusyň hem Esmeralda garşy islegi diňe bedeni, özüniň hem aýdyşy ýaly, “Esmeraldanyň söýgi güllerini ýolmak isleýär”. Şonuň üçin adaglysy bolan Fleur de Lysden bary ýogy bir gezek oňa dönüklik edip bilmek üçin rugsat soraýar.

Esmeralda we Phoebus

Ýokarda aýdylanlary jemlejek bolsak, dört sany esasy gahryman bar Quasimodo, Frollo, Phoebus we bu üçüsiniň arasynda galan Esmeralda. Quasimodo, Esmeraldany çyny bilen söýse hem Esmeraldadan hiç hili söýgüsine jogap almaýar we hiç haçan hem alyp bilmejegini bilse hem ony söýmegine dowam edýär. Frollo, Esmeralda aşyk bolýar emma, taňra beren sözünden dänip bilenok. Phoebus, Esmeralda bilen biri-birine aşyk bolsalar hem, onuň söýgüsi dönükligiň üstünden geçýär. Hekaýanyň tagamyny gaçyrmaz ýaly, şu ýerde otur goýmak isleýärin. Eger mümkinçilik bolsa legendarny artistler hem bolmasa gidip görmegi maslahat berýärin. Mümkinçiligi bolmaýanlara bolsa, mýuzikalyň widoesyny aşak berkidýärin.

https://youtu.be/3AnTqOIgPr0

P.s: Mýuzikaly gowy bolsa hem, kitaby ondan gowy.

Artistlar:

--

--