Oba hojalygynyň syrlar dünýäsi ýa-da pestisidleriň we gerbisidleriň daşky gurşawa ýetirýän fatal täsiri

renkli+
reňkli+
Published in
3 min readSep 26, 2023

Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, özüňki zat diýmeseň agzyňa sogan dograp gitjek. Ylmy makala owadan girmek üçin arasyna gaýyn enemiň diýýän aýtgysyny goşmagy ýüregime düwdüm. Şeýlelikde, men size bu gün pestisidleriň oba hojalygyndaky syrlar dünýäsi we onuň tom-tomalak Ýer şaryndaky tebigata ýetirýän elhenç täsiri bilen içgin tanyşdyraryn. Himiki pestisidler we gerbisidler häzirki oba hojalygynda ekinleriň hasyllylygyny we azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şeýle-de bolsa, olaryň giňden ulanylmagy ekosistemalara ýetirilen girew zyýany barada çynlakaý aladalary döretdi. Men bu gezekgi makalamda, himiki pestisidleriň we gerbisidleriň çuňňur ekologik täsirini açyklasym gelýär, olaryň tozanlaýjylara edýän täsiri jemlenýär. Şeýle hem, bu meseleleriň gerimini görkezmek üçin dünýäniň dürli künjeklerinden statistiki maglumatlary we mysallary berern.

Arylar, kebelekler we beýleki mör-möjekler ýaly tozanlaýjylaryň global azyk önümçiliginde ähmiýeti uludyr. Olar köp ekinleriň we ýabany ösümlikleriň tozanlanmagyny ýeňilleşdirýär, miweleriň, gök önümleriň we hozlaryň köpelmegini üpjün edýär. Gynansagam, himiki pestisidleriň, esasanam neonikotinoidleriň ulanylmagy, tozanlaýjy ilatyň aladaly azalmagyna sebäp boldy. Bu diýmek biziň tanap ýören aryjyklarymyzyň, mör-möjejiklerimiziň we kebelejiklerimiziň aglabasynyň Ýer ýüzünde azalmagy diýmekdir.

BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) çap edýän maglumatlayna görä, dünýädäki azyk ekinleriniň takmynan 75% -iniň tozanlanmagyna ýaňky belläp geçen tozanlaýjylarymyz ýa-da bagaça aýdanymda, biziň aryjyklarymyz jogapkärdir.

Tozanlaýjylaryň hyzmatlarynyň dünýädäki ykdysady gymmaty ýylda 235 milliard ABŞ dollaryndan 577 milliard ABŞ dollary aralygynda hasaplanýar.

Ary habarly hyzmatdaşlygynyň (Bee Informed Partnership) aýtmagyna görä, ABŞ-da soňky ýyllarda ary saklanylýan koloniýasynyň ýyllyk ýitgisi 40% ýa-da ondanam köp bolup, bal ary ilaty uly ýitgilere ýüzbe-ýüz boldy.

Oba hojalygynda giňden ulanylýan neonikotinoidler gül tozanyny we nektarlary hapalap bilýän ulgamlaýyn pestisidlerdir. Hatda olar az dozalarda-da tozanlaýjylaryň ot iýmek ukybyna, nawigasiýa we köpeliş üstünliklerine zyýan ýetirýär. Agyr ýagdaýlarda, bal ary koloniýalarynyň hemmesi düýbünden ýok bolup biler.

Himiki pestisidler we gerbisidler özleriniň hereketlerinde daş-töwerekdäkileri saýlamaýarlar. Olar peýdaly mör-möjeklere, guşlara we suw durmuşyna zyýan berip bilýärler.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy pestisidlerden zäherlenmegiň her ýyl 200 müň adamyň ölümine sebäp bolýandygyny çaklaýar.

“Ylym” žurnalynda çap edilen gözlegde pestisidleriň täsiriniň 27 ýyl bäri Germaniýanyň goraghanalarynda uçýan mör-möjekleriň 76% azalmagyna sebäp bolandygy ýüze çykaryldy. Çykarylanda näme, habarçylaryňky diňe meseläni aýtmak we gorjalamak, galybersede ýurtdaky mesele çözýänleriňki bolsa ony dörjeläp, ýok etmek. Esasy mesele munda däl, ondan elhençlerem bar.

Hindistanda organofosfat pestisidleriniň köp ulanylmagy sebäpli, daýhanlaryň arasynda pestisidlerden zäherlenmeleriň sany köpeldi. Gaty gorkunç, şeýle dälmi?

2018-nji ýylda bolsa, Ýewropa Bileleşigi arylara we beýleki tozanlaýjylara zyýanly täsirleri sebäpli neonikotinoid pestisidlerini açyk ulanmagy gadagan etdi. Birinden biri hä nebsine haý diýip ýok diýip bildi.

Hytaý oba hojalygynda giňden ulanylýan pestisidleri dünýäde iň köp sarp ediji. Bu daşky gurşawyň hapalanmagy we azyk howpsuzlygy baradaky aladalara sebäp boldy.

Braziliýa oba hojalygynyň esasy önümlerini öndürijisiir, soňky ýyllarda bolsa ol ýurtda pestisidleriň ulanylyşy artdy. Bu hem ekosistemalara we adamyň saglygyna edýän täsiri barada aladalary döretdi.

Himiki pestisidleriň we gerbisidleriň ekologiki netijelerini inkär edip bolmaýar. Tozanlaýjylayň azalmagy dünýäde oba hojalygynyň täzeden gözden geçirilmegini talap edýär. Zyýan berijileri toplumlaýyn dolandyrmak (Integrated Pest Management) we durnukly ekerançylyk tejribesi himiki pestisidlere garaşlylygy azaltmak üçin amatly alternatiwalary hödürleýär. Mundan başga-da, bu global meseläni çözmekde has berk düzgünler, köpçülige habar bermek kampaniýalary we halkara hyzmatdaşlygy möhümdir. Pestisidleriň we gerbisidleriň ekologiki täsirini gowşatmak diňe bir ahlak borjy bolman, eýsem planetamyz üçin durnukly we çydamly geljegi üpjün etmegiň zerurlygydyr.

Makalanyň awtory,

Şasenem Sopyýewa

Originally published at http://renkliplus.com on September 26, 2023.

--

--