Polo 90 ýaşady | Emeli aň? | Moda industriýasynyň mart daýjesti

Enar Rejepova
reňkli+
Published in
3 min readApr 1, 2023

Meşhur polo köýnegi-hä geýip görmedik ýok bolsa gerek. Ynha, Rene Lakostyň öz köýneginiň ýeňini kesip, tennisçileriň klassik uniformasyna garşylyk görkezenine eýýäm 90 ýyl geçipdir.

Ýubileý mynasybetli Lacoste polo köýnekleriniň 5 täze modelini goýberdi. Bu kolleksiýada polonyň taryhyny jemlemek bilen, brend her bir müşderä öz stilini saýlamaga mümkinçilik döredýär.

“Victoria’s Secret” 4 ýyl arakesmeden soň yzyna dolanýar.

Bu barada kompaniýanyň maliýe direktory Timoti Jonson habar berdi. Olaryň “gadagan edilmeginden” habarsyz galan bolsaňyz gysgaça gürrüň bereýin: brend uzak wagtlap öz konsepsiýasyny üýtgetmedi. Döwrüň standartlary üýtgäp, podiumlara transgender we plus-size modeller çykyp başlansoň, Victoria’s Secret-iň “perişdeleri” konserwatiw garaýyş we diskriminasiýa ýaly görünýärdi. Şowuň reýtingi düşdi, satyşlar azalyp, yzly-yzyna dükanlary ýapylyp başlady. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin hem 2019-nji ýylda her ýyl gurnalýan şow ýatyryldy we täzeçe marketing strategiýasynyň üstünde işlenilýändigi aýdyldy.

Soňky moda hepdeliginde tanymal brendleriň aglabasy podiuma “90-njy ýyllaryň standart ölçegli modellerini” çykardylar, şeýle hem platformalarda moda standartlarynyň dolanyp gelendigi barada gürrüňler gidýär.

Victoria’s Secret pursada garaşdymy ýa-da hakykatdan hem täze konsepsiýa bilen geldimi?! Ony bilmek üçin bize diňe garaşmak galýar.

K-pop topary BTS-iň wokalisti Çimin “Tiffany&Co” brendiň täze ambassadory edip bellendi.

Ol brendiň gurnaýan dürli kampaniýalaryna we esasy çärelerine gatnaşar. Ilkinji kampaniýa bolsa, eýýäm şu bahar tomaşa edip bileris. Brendiň ilkinji çap eden suradynda Çimin sada gara penjekde we gülgüne altyndan bilziklerde düşüpdir.

Instagramda aýdymçynyň 48 million followeri bar. Muşdaklary eýýäm perwana reňkli gutujygyň awuna çykan bolsa gerek.

Emeli aň moda industriýasynda

G-Star Raw — golland erkek we aýal jins eginbaşlaryny goýberýän brend dizaýny dolulygyna emeli aň tarapyndan taýýarlanan jins plaş bilen tanyşdyrdy. Her bir gyzyklanýan adam emeli aňyň kömegi bilen özlerine islendik keşbi döredip bilýärler. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, olary bu çözgüdi almaga iteren ädim hem sosial mediýada şeýle keşpleriň köpelmegi.

Levi’s mahabat üçin hakyky modelleri düşürmekden ýüz öwürdi we bu işi dolulygyna emeli aňa ynandy. Goýlan maksat boýunça emeli aň professional modelleriň egnindäkiden hakykata has golaý keşpleri döretmeli.

Moda dünýäsiniň eko-täzelikleri

Dior we Parley eko-guramasy plýaž eginbaşlaryň kolleksiýasyny hödürledi. Eginbaşlar düzüminiň 50% gowragy okeanyň ýüzünden ýygnalan plastikleri gaýtadan işlenip taýýarlanan materiýallardan tikilen. Matalarda zyýanly agardyjylar, reňkleýjiler we beýleki himiki serişdeler ulanylmadyk.

Britaniýaly dizaýner Stella Makkartni eko-paýetkalardan tikilen eginbaşy hödürledi. Paýetkalar düzüminde plastik, metallary, minerallary we sintetiki pigmentleri saklamaýar. Bu materiýaldan ilkinji köýnek model we aktiwist Kara Delewiniň ýörite sargydy boýunça tikildi.

Brend Mansur Gavriel 26 göterimi alma gabygyndan taýýarlan wegan deri sumkasyny hödürledi. Wegan deriden başga-da harydyň düzüminde pagta, poliester we poliuretan bar. “Tebigat ägirt uly ylham çeşmesi, we biz ony gorap saklamagyň ýollaryny gözlemeli” diýip, brendiň düýbüni tutujy Floriana Gawriel belleýär.

Bu guramalardyr brendler heniz kiçi, eginbaşlar bolsa uzak wagtyň dowamynda az mukdarda taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, eko-geljege ädilýän bu ädimler begendirýär.

--

--