Prodýuserleriň ak sakgally ýaşulysy

Bayram Agayew
reňkli+
Published in
4 min readJul 25, 2023

Şu wagta çenli aýdym-saz industriýasy barada ýazan makalalarymyzda esasy sahna çykýan we tomaşaçyň ýa-da diňleýjiň garşysyna çykýan şahsyýetler barada gürrüň etdik. Emma, sahna çykýan artistleriň ähmiyeti uly bolsa-da, sahnaň arkasynda galýan kişileriň hem roly uly. Şonuň üçin, ýazgymyzyň bu sanynda aýdym-saz industriýasyna uly täsir ýetiren we ýetirmegini dowam etdirýän “geniý” diýip atlandyryp boljak Rik Rubin barada söz açmakçy.

Rick Rubin (Alamy)

Kagyz ýüzünde Rik Rubin prodýuser ýa-da DJ diýip geçýän hem bolsa, bu adamyň jogapkärçiligi bular bilen çäklenmeýär. Gysgaça, ýaşulyň burnuny sokmaýan ýeri ýok. Rik Rubin, aýdym-saz industriýasynda şu wagta çenli ýaşap geçen we ýaşaýan iň beýik prodýuserleriň biri diýip hasaplansa hem onuň edýän işini belli bir galybyň içine sygdyryp bolmaýar. Ýeri gelende beat maker, mentor, psiholog, motiwator, aý garaz hit çykarmak üçin haýsy ingredient ýetmeýän bolsa şony Rik tapýar.

Rik, uniwersitetde okaýan wagtlary Rassel Simmons bilen “Def Jam Recordings” atly studiosyny gurýar we başlarda diňe rok ‘n roll bilen meşgullanýan artistler bilen işleşip başlaýar. Hip-hop industriýasynyň prodýuserleri bilen tanyşanyndan soňra bolsa hip-hop aýdymçylara prodýuserlik edip başlaýar. Ilkinji hip-hop ýazgylary, prodýuser dosty DJ Jazzy Jay bilen T La Rock atly artistiň “It’s Yours” atly aýdymy bolýar. Indi, birinji ädim ädilenden soňra dowamy, ýagyň içinden gyl çeken ýaly bolýar. Hip-hop industriýasyna gireninden soňra, birinji ýazgyň yz ýany bilen LL Cool J-iň “I Need a Beat” atly aýdymyny ýazga geçirýär.

90-nji ýyllaryň başyndan başlap, heniz hem dowam edip gelýän karýerasynda diňe hip-hop bilen rock ‘n roll däl, eýsem başga-da birnäçe žanr we artistlar bilen işläp, burnuny sokmadygy žanr galmady. 1980-nji ýyllaryň soňunda Rassel Simmons bilen ýöreden “Def Jam Recordings” studiosyndan aýrylýar we täze “Def American Records” atly täze studiosyny gurýar. Ýeke özi işläp başlandan soň, rap prodýuserliginiň ýany bilen ýaňy gataşyp başlan “rock we heavy metal” toparlary bilen işleşip başlaýar. 1993-nji ýylda “Def” sözi sözlüge girýär. Sözlüge girmezden öň köçe dilinde “bet, gowy, çözýän, ýarýan” manylary aňladýardy. “Def” sözüniň köçeden, ýagny underground-lykdan çykyp, mainstream bolup başlanlygy üçin “Def” sözüni studionyň adyndan aýyrýar we “American Records” ady bilen dowam edýär. Hatda, “Def” sözüniň aýyrýanlygy üçin, San Fransiskonyň hippilerini çagyryp “Def” sözüni soňky ýoluna ugradyp ýas tutýarlar.

Def-iň ölümi (MTV News)

Uzyn sakgally ýaşuly şeýdip, täze at bilen täze bir sahypa ädim atýar. Mundan öň diňe ýaşlaryň ünsüni çekäýjek žanrlar bilen işleşen Rik, bu gezek garaşylmadyk risk alýar “country” žanryň karoly hasaplanýan Johnny Cash-e prodýuserlik edip başlaýar. Näme üçin risk diýip sorasaňyz, samsyga düşündiren ýaly edip düşündirmäge synanşaýyn: Johnny Cash amerikanyň “halk aýdym” aýdýan artisti ýaly tanalýardy, diňe 60+ ýaşly garrylaryň diňläp biläýjegi bir aýdymçy we ol wagtlar “country” aýdym diňleýän gaty azdy (henizem) we Johnny Cash-iň köpü geçip azy galypdy. Aý, garaz kombo risk. Rik, bu halk aýdym aýdýan ýaşy uly bilen depressiýadan çykaryp, täzeden albom döredýärler we şeýdip Johnny Cash ikinji baharyny ýaşaýar. Ýatdan çykyp giden Johnny Cash täzeden hit çartlarda ýer alyp başlaýar we Rik bilen Grammy baýragyny alýar.

Johnny Cash we Rick Rubin (Jim Steinfeldt, Getty Images)

Ýene şuňa meňzeş bir işleriniň biri hem, rok ‘n roll-yň legendalaryndan biri bolan “Metallica”-ny döredijilik we orta ýaş krizisinden çykarmagy bolup durýar. Hipster aýazbaba, diňe depä çykyp, yzyna towalanyp gelýän artistlara elini uzatman, esasan depä çykyp bilmän duranlara kömek edýär. Mysal üçin, ýene-de bir rok ‘n roll-yň eýýäm legendalarynyň arasyna giren Red Hot Chili Peppers-e kömek elini uzadyp, toparyň agzalaryny narkotikden uzaklaşdyryp, toparyň iň gowy albomy diýip hasaplanýan Blood Sugar Sex Magic” atly albomyny çykarmaga kömek edýär.

Anthony Kiedis we Rick Rubin (Shutterstock)

1990 we 2000-nji ýyllaryň başynda döredilen olschool rap diýip hasaplanýan akymyň aslynda Rik Rubiniň döreden akymy diýip hem hasap edip bilýäris. Şol wagtlarda çykan rap aýdymlaryň 90% rok, elektro gitara bilen mix edilip çykarylan we şol akymy başladan hem irdenden bäri öwülip oturylan hipster ýaşy uly.

Şunça ady belli artistleriň Rik Rubin bilen işleşmek islemeleriniň prikol tarapy, aslynda Rik-iň hiç hili nota ýa-da saz bilmeýänligi. Diňe bäşinji duýgusyny işledip gerekli ýerinde artistlere näme gerekdigini bilýär we şol ýetmeýän maddany nireden we nädip tapmalydygyny bilýär. Galan işi artistleriň özleri hem alyp çykýar. Rik Rubiniň diskografiýasyna seretseň, 1980-leriň soňundan bäri döredilen hit-leriň 70–80%-i Rik-iň kömegi bilen döredilen.

Rubin we Ozzy

Şunça öwdük durdyk, indi biraz hem döweliň. 2000-leriň başynda aýdym-saz industriýasynda başlan “loudness war” ýagny soňky çykýan aýdymlaryň sesini has güýçelendirilip çykarylmagynyň başyny başladanlaň biri. Bu konfliktiň sebäbi, adam beýnisi sazyň sesi näçe ýokary boldygyça şonça hem gowy diýip hasap edýär. Şonuň üsti bilen täze konfliktler çykýar we işiň soňunda industriýa täze çykgynsyz ýagdaýda limit goýmaly bolýar.

Köne tradisiýamyzy dowam edip, bu gezek hem Rik Rubiniň diskografiýasyndan subýektiwni playlist taýýarladym emma aýdymlar bilen däl-de, eýsem albomlar bilen.

Slayer- Reign in Blood

Red Hot Chili Peppers — Blood Sugar Sex Magik

Red Hot Chili Peppers — Californication

System of a Down — Toxicity

Limp Bizkit — Results May Vary

Jay-Z — “99 Problems”

Metallica — Death Magnetic

Gogol Bordello — Trans-Continental Hustle

Lana Del Rey — Paradise

Eminem — The Marshall Mathers LP 2

--

--