Silwester Stallone garadan gaýtmaz, gaýduwsyz toparyny 4-nji gezek ýygnaýar

renkli+
reňkli+
Published in
4 min readSep 30, 2023

Kino sungatynyň özboluşly ýyldyzy, uruşly filmleriniň ägirdi Silwester Stallone mundan 13 ýyl ozal özi ýaly, “action” filmleriniň ýyldyzlaryny bir kinoda jemläpdi. “The Expendables” (“Gaýduwsyzlar” hökmünde terjime edilip bilner) diýlip, at berlen şol filmden soň geçen hepdäniň ahyrynda 4-nji kino hem ekranlara çykdy.

Ilki öňki kinolary gysgaça ýatlasak, ilkinji film 2010-njy ýylyň awgustynda ekranlarda görkezilipdi. 1-nji filme Stalloneniň özi režissýorlyk edip, ol esasy keşpleriň birini hem janlandyrypdy. Uruşly kinolaryň muşdaklary tarapyndan gowy görlen filmde Jeýson Stetham, Dolf Lundgren, Rendi Kutur, Jet Li, Terri Krýuws, Arnold Şwarsenegger, Brýus Willis, Miki Rurk, Stiw Ostin ýaly belli aktýorlar dürli keşpleri janlandyrypdy. 82 million dollar býujetli film 275 million dollara golaý girdeji gazanypdy.

Hakyna tutma esgerleriň göreşi 2-nji filmde-de dowam edip, Saýmon Westiň režissýorlygynda ýene-de şol aktýorlaryň surata düşmeginde “The Expendables 2” filmi 2012-nji ýylda ekranlara çykdy. 1-nji filmdäki ýyldyzlaryň hataryna Žan-Klod Wan Damm (otrisatel keşp), şol sanda Çak Norris, Liam Hemswort hem-de hytaýly aktrisa Ýu Nan dagy goşuldy. 1-nji filmde Günorta Amerikadaky bir ýurduň meselesini çözen topar ýene-de Jenap Çörçüň (Brýus Willis) ýolbaşçylygynda bu gezek başga bir howply halas ediş wakasyny başdan geçirýärler. Bu gezek 100 million dollar çykdajy edilen filmiň gazanjy hem şoňa görä bolup, 315 million dollara ýetdi.

2 ýyllyk arakesmeden soň, öňünden çykany ýumurýan bu topar Patrik Hýuzuň režissýorlygynda 3-nji film üçin jemlendiler. Ýene-de ozalky artistleriň köpüsi surata düşüp, Brýus Willis filmi esaslandyran Silwesters Stallone bilen düşünişmezlik sebäpli, kastinge goşulmady. Ýöne Stallone bu gezek ýaýrawy hasam giňeldip, Hollywood-daky “action” filmleriň bar ýyldyzyny diýen ýaly çagyryp, Willisiň öwezini doldy. Kinonyň kastingindäkiler filmiň posterine sygmady diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Stethem, Lundgren, Kutur, Jet Li, Krýuws, Şwarsanegger dagynyň hataryna Mel Gibson, Harrison Ford, Antonio Banderas, Wesli Snaýps, Kelsi Grammer, Kellan Luts, Glen Powell, Robert Dawi, boksçy Wiktor Ortis, amerikaly göreşiji zenan Ronda Rauzi dagy goşuldy. Filmde topary esaslandyranlaryň biri bolan Stounbanks häzirki wagtda bikanun ýarag satyjysy bolup, ol şol topary pytratmak üçin göreş alyp barýar. Barni we ýoldaşlary bolsa topary dargatdyrmajak bolup, hiç zatdan gaýtmaýarlar. 100 million dollarlyk harçlanan film 215 million dollarlyk kassa ýygymy bilen seriýanyň iň az gazanan kinosy bolupdy.

3-nji kinodan 9 ýyl geçensoň 4-nji film peýda boldy. “Expend4bles” ýa-da “The Expendables” 4 diýlip atlandyrylýan filmde kameranyň arkasy öňem şu meňzeş, “Act of Valor” (2012), “Need for Speed” (2014) hem-de şu ýylky “Hidden Strike” (Jeki Çan baş keşpde surata düşdi) filmler bilen adygan režissýor Skott Wo ynanyldy. Film üçin laýyk 100 million dollar çykdajy edilipdir. 2021-nji ýylda surata düşürilip başlanan filmiň ekranlaşdyrylyş işleri Londonda, Bolgariýada, Gresiýada alnyp baryldy. Filmiň ssenariçiler topary-da üýtgedilip, Jeýson Stetham prodýuserleriň hataryna goşuldy. Jet Li, Krýuws, Şwarsanegger ýaly ilkinji 3 filmde-de surata düşen ýyldyzlar täze filmde ýok. Stallone, Stetham, Lundgren, Kutur dagy bu filmde-de surata düşdi (ähli bölümde-de surata düşen 4 aktýor). Filmiň täze artistleriniň hatarynda 50 Cent ady bilen meşhur Kurtis Jekson III, soňky wagtlarda o diýen şowly çykmaýan filmleriň ýyldyzy, owadan aktrisa Megan Foks, tailandly muaý-taýçy, “Ong Bak” filmleri bilen tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan Toni Jaa, “Raid” filmleriniň ýyldyzy, indoneziýaly söweş sungatynyň ussady Iko Uwais, Hollywood-yň meşhur aktýor Endi Garsiýa, şol sanda Jeýkob Skipio, Leýwi Tran, Eddi Holl ýaly artistler bar.

Bu gezekki filmde garadan gaýtmaz, gaýduwsyz, ýokary derejeli uruşgan topar ýadro ýaragly gämini goramaly bolýar.

Film baradaky belliklere geçsek, adaty uruşly, action film. Öz muşdaklary üçin gyzykly bolup biläýjek, filmde surata düşýän artistleriň muşdaklaryny kanagatlandyraýjak kino. Şol sebäpli bilermenleriň belliklerini agzap oturasy hem iş ýok. Elbetde, filmdäki action sahnalary ýene-de öňküler ýaly. Mahlasy, film wagtyňyz bar bolsa, öňki 3 filme-de tomaşa eden bolsaňyz, seretmezçe däl. Filmiň prokatdan ýene-de öňkülere golaý girdeji gazanjakdygyny aýtsa bolar…

Wenesiýadaky arwahlar

Täze film makalamyzyň ýene bir täze kinosy “A Haunting in Venice” (“Wenesiýadaky arwahlar” ýa-da “Wenesiýadaky jenaýat” diýse bolar) diýlip atlandyrylýar. Ussat aktýor hem-de režissýor Kennet Brana meşhur ýazyjy Agata Kristiniň eserlerinden ylham almagyny dowam edýär. 3-nji gezek dedektiw Erkul Puaronyň keşbini janlandyrýan Brana edil “Murder on the Orient Express” (“Gündogar ekspressinäki jenaýat”, 2017) hem-de “Death on the Nile” (“Nildäki ölüm”, 2022) filmlerinde bolşy ýaly bu sapar hem režissýorlyk edýär. Filmde Jeými Dornan, Kaýl Allen, Kamille Kottin, Mişell Ýeo, Tina Feý, Jud Hill, Emma Laird ýaly belli artistler surata düşdi.

Wenesiýada geçirilen şüweleňde gatnaşyjylaryň biri öldürilýär. Şol şüweleňe gatnaşanlaryň biri-de Puaro bolup, jenaýaty kimiň edendiginiň üstüni açmak üçin bilini berk guşamaly bolýar.

60 million dollar çykdajy edilen kino häzirlikçe 40 million dollardan gowrak kassa ýygymyny toplady. Maýkl Griniň galamyndan çykan ssenari esasynda ekranlaşdyrylan filmiň surata düşüriliş işleri Wenesiýadaky “Pinewood” studiýasynda alnyp baryldy.

Film dedektiw eserlerini halaýanlaryň göwnünden turar. Onsuzam filme tomaşa edenleriň agramly bölegi ekran eserini halapdyr. Filme “The New York Times”, “The Washington Post” ýaly gazetleriň kinotankytçylary hem pes baha bermändir.

Makalanyň awtory:

Ussa Hajyýew

Originally published at http://renkliplus.com on September 30, 2023.

--

--