“Stiliste bermäge pulum ýok” ýa-da akylly garderob taýýarlamak boýunça gollanma

Enar Rejepova
reňkli+
Published in
3 min readFeb 24, 2023

Howanyň maýlap, bahar paslynyň gelmegi eginbaş şkafyny tertiplemek üçin örän gowy pursat bolup biler. Makalanyň bu sanynda dürli stilistleriň akylly garderob taýýarlamak boýunça berýän maslahatlaryna esaslanyp, gysgaça gollanma taýýarladym. Şkafy tertiplemek birnäçe sagadyňyzy alyp biler. Şol sebäpli öňünden wagt aýyrsaňyz gowy bolar. Eger eginbaşlaryňyz diýseň kän bolsa, onda bu işi möwsümleýin edip bilersiňiz.

Birinji tapgyry taýýarlyk diýip atlandyralyň. Ilki bilen şkafyňyzdaky ähli eginbaşlary çykaryň. Soňra bir-birden üýşmeklere aýryp, olaryň ykbalyny çözüň — “çykarman geýýän”, “bejertmeli/tikmeli” ýa-da “öz sagadyna garaşýar”.

Ikinji tapgyrda “öz sagadyna garaşýan” eginbaşlar bilen işläliň. Özüňize sorag beriň: Iň soňky gezek bu eginbaşy haçan geýdiňiz? Eger bir ýyldan köp wagt bolan bolsa, diýmek bu eginbaş siziň şkafyňyzda işjeňligini ýitirdi we onuň bilen hoşlaşmagyň wagty geldi. Bärde satmak, birine bermek, gaýtadan işlemäge tabşyrmak, haýyr-sahabat guramalaryna bermek ýaly usullary ulanyp bilersiňiz.

Bellik: bu eginbaşlaryň arasynda size gymmatly bolanlary ýa-da ýadygärlik galanlary hem bolup biler. Olary arassalap aýratyn bir gapda (çeholda) saklap bilersiňiz.

Geýlenine bir ýyldan az wagt bolanlar bolsa üstünlik bilen indiki tapgyra geçýär.

Üçünji tapgyrda “bejertmeli/tikmeli” eginbaşlaryň hilini kesgitläliň. Muňa islendik defektler — tüýjerme, süzülme, ýyrtylma, tegmiller we başgalar degişli bolup biler. Ýeten zeperi aňsat aýryp bolýan bolsa, olary aýratyn üýşmege aýryň we öňümizdäki bir hepdäniň dowamynda düzetdirmäge çalyşyň.

Eger ýeten zeperi düzetmek kyn/gymmat bolsa ony gaýtadan işlemäge beriň.

Dördünji tapgyr iň ýaýdandyryjy bolsa-da iň gerekli tapgyr. Ýokarky “synaglardan” geçen eginbaşlaryň ählisini geýip görüň. Bu işi gündiz, ýagny tebigy yşyk düşýan wagty ýerine ýetirseňiz has hem täsirli bolar. Tutuş boýuňyz görünýän aýna bu işde ullakan kömekçiňiz bolup biler. Eger şeýle aýna ýok bolsa telefonyňyza surata/wideo düşürip hem bilersiňiz. Ýöne bärde bellemeli zat kamera garnyňyzyň deňinde we özüňizden 2 metre golaý uzaklykda bolsa netije hakykata has golaý bolar.

“Geýip görmek näme sebäpden gerek?” diýip soramagyňyz mümkin. Birinji bilen, eginbaşyň trendligine, ýokary hillidigine garamazdan hemme eginbaş hemme bedende ýerlikli oturmaýar. Ikinjiden bolsa eginbaşyň esasy funksiýasy günüň dowamynda rahatlygy üpjün etmek bolup durýar. Ony anyklamagyň esasy ýoly bolsa geýip görmekdir.

Prossesiň dowamynda biri-biri bilen utgaşýan eginbaşlary geýip, olary aksessuarlar bilen dolduryp, günlük obrazlary (keşpleri) hem taýýarlap bilersiňiz. Şeýle edeniňizde günde irden turup, “bu gün näme geýsemkäm?” soragyňyz aradan aýrylar.

Mundan başga-da prossesiň dowamynda obrazlaryňyz üçin ýetmeýän elementleriň sanawyny düzmäge hem mümkinçilik dörär. Bu bolsa ýeri gelende siziň akylly söwda etmegiňize kömek eder. Sebäbi eliňizde eýýäm gerekli eginbaşlaryň sanawy bolar.

Daşyndan göräýmäge örän aňsat iş ýaly görünse-de, käbir işleriň kynçylygyny başyna baranymyzda görýäris. “Men-ä okanymda hem ýadadym” diýseňiz hemme wagt stilistiň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

Geçenki makalalarda hem belläp geçişim ýaly stil bu her bir adamyň öz şahsyýetini ýüze çykaryşydyr, başgalara meňzemek däldir. Esasy zat eginbaşda özüňizi rahat we ynamly duýmagyňyz gerek. Maglumatlar size peýdaly bolandyr diýip umyt edýärin.

Awtordan bellikler:

  • Horlananymda/semränimde geýerin diýip, eginbaş satyn almaň. Ol wagta çenli siziň stiliňiz üytgäp biler ýa-da eginbaş aktuallygyny ýitirip biler.
  • Gymmat bahaly, lýuks eginbaşlary ulanmaýan bolsaňyz birine berip ýa-da satyp (Tmcars, ikinji el dükanlar) bilersiňiz. Siziň şkafyňyza gabat gelmeýän eginbaşlar başga birine gerekli bolmagy mümkin.
  • Söýgüli futbolkaňyzdaky tötänlikde bolan deşikleri, kiçiräk ýyrtyklary nagyş bilen bezäp bilersiňiz, elbetde eger bu ýerlikli we siziň stiliňizde bolsa.
  • Ýokarda derdiňize ýaramaýan eginbaşlardan dynmagy birnäçe gezek agzap geçdim. “Olary aýyrsam geýmäge eşik hem galmaz” diýip, pikir edýänler üçin bir zady ýatlatmak isleýän: işjeň şkaf (функциональный гардероб) bu köp eşik diýmek däldir. Biri-biri bilen utgaşýan, ýokary hilli, az sanly elementli şkaf, biri-biri bilen utgaşmaýan, hili pes, köp sanly elementli şkafdan has gowy derdiňize ýarar.

--

--