“Sygan diýip geçme sen, tansy bilen ýakar seni”

Bayram Agayew
reňkli+
Published in
4 min readApr 21, 2023

“Reňkli+”-daky ilkinji ýazgylarymyň birinde medeniýetleriň garyşmagy netijesinde nähili özboluşly bir sungatyň döräp biljegini aýdyp geçipdim. Bu gezek hem biri-birine uly täsir ýetirip, üýtgeşik we owadan bolan bir medeniýet, sungat, aýdym akymy barada söz etmekçi. Birnäçe ýyldan bäri, uly muşdagy bolup gelýän “gitano” (sygan) medeniýetiniň aýdym-sazlary, esasan hem, ispaniýaly syganlaryň aýdym-sazlary düýbünden başgaça bir dünýä alyp gidýär.

Flamenco Performance (Courtesy Casa de la Memoria)

Flamenkony köp kişi ispan milletiniň öňden gelýän medeniýetiniň bir bölegi diýip bilýändirler, emma aslynda başgaçarak. Flamenko sözi ilkinji 1774-nji ýylda Jose CadalsonyňCartas Marruecas” atly kitabynda geçýär. Flamenkonyň taryhy gözbaşyny has irki wagtlardan alsa hem, ol barada ýazgylar günümize çenli gelip ýetmeýär. Şonuň üçin, Flamenko sözüniň köki barada henizlerem taryhçylaryň arasynda jedeller dowam edýär. Käbir taryhçylar bu sözüň latyn dilinden “ot, ýangyn, alaw” manylaryndan gelýändigini öňe sürseler, käbirleri bu sözüň arap dilinde “uçýan daýhan” manysyny berýändigini aýdýarlar. Bizi, şu wagtlykça sözüň gelip çykyşy gyzyklandyranok şonuň üstünde köp durmagyň hem manysy ýok.

Asyl bu medeniýetiň nireden çykyp gelendigi we haýsy medeniýetlerden täsirlenenligi barada gyzyklansak ýene-de taryhyň gädiklerine duş gelýäris. Taryhçylaryň aýtmagyna görä, bu medeniýetiň agzalary ilki Hindistandan çykypdyrlar, uzak ýoluň dowamynda pars medeniýetinden, müsür medeniýetinden, jöhüt medeniýetinden we arap medeniýetinden täsirlenip, şu wagtky bilinýän flamenko aýdym-saz we tans žanry döreýär. Muňa iň köp magrybly musulmanlaryň medeniýeti täsirini ýetiripdir. Şonuň üçin bu medeniýet, ýokdan bar edilmän, eýsem birnäçe medeniýetlerden bölekler alnyp, puzzle ýaly düzülen. Bu medeniýetiň agzalaryna “gitano/gitanos” diýilýär, bu jemgyýetiň agzalarynyň esasy ýaşaýan ýerleri Ispaniýanyň Andalusiýa böleginde; Sewilýa, Kadiz, Granada ýaly şäherlerde has köp duş gelýär. Olaryň bu şäherlerde duş gelmeleriniň sebäbi hem şol, Ispaniýanyň Andalusiýa böleginiň 800 ýyldan gowyrak musulmanlaryň eýeçiliginde bolmagy. Ferdinand II-niň ol ýerleri basyp almagynyň netijesinde ýerli halky katolik etmeklik üçin alnyp barlan syýasatyň soňunda 50000-den hem köp ýerli musulman, gitanos we ýewreýleriň dinini üýtgetmegine getirdi. Ferdinand II-niň basyp almagy bilen ispan bolmaýan ähli milletler ejir çekýärdi, şol ejirleriň täsiri, durmuşyň kynçylygy flamenko aýdymlary bilen beýan edilip başlanýar we heniz hem dowam edýär.

Gypsies-Calveras Merida Sagrista (MNAC)

Indi, üç asyr soňra flamenkonyň gülläp ösen wagtyna geleliň. Romantik eranyň gelmegi bilen 18-nji asyryň soňy we 19-nji asyryň başlarynda flamenko aýdym-saz we sungat söýerleriň arasynda populýarnost gazanyp başlaýar. Özüniň duýgy ekspressiýasy bilen, üýtgeşikligi bilen bu medeniýet ýewropaly romantikleriň jenneti ýeri bolýar. Fransuz ýazyjy Prosper Meriminiň “Karmen (1845)” romanynda hem flamenko ýer alýar. Şeýlelik bilen, 20-nji asyryň başlarynda flamenko kafelary açylyp başlaýar. Bu kafelar, kiçijek bir teatr roluny ýerine ýetirip, ýurda gelýän turistleriň iň söýgüli ýeri halyna gelýär. “Indä-hä adam ýaly ýaşap başladyk” diýenlerinde Ispaniýanyň başyna faşist Fransisko Franko gelýär we bu pahyr gitanoslara ýene gün bermän başlaýarlar. Emma, ýurduň ekonomiki ýagdaýynyň erbetleşmegi bilen turizmi ösdürmek niyetli gitanoslara işlerini ýöredmäge rugsat berilýär.

Woman dancing in traditional Flamenco dress surrounded by women clapping, Seville, Spain (Capa Robert)

Flamenko aýdymynyň žanryna gelenimizde, aslynda flamenko aýdymlary akkompaniýasyz (cante), ýagny hiç hili goşmaça, kömekçi sessiz, sazsyz aýdylyp başlanýar. Soňra bolsa flamenko gitarasy (toque) goşulýar, yzy bilen ritmli el çarpmalar (palmas) we ritmli aýak urmaly tanslar (baile) goşulýar. Ýakyn wagtlardda bolsa, dep roluny ýerine ýetirýän agaçdan guty (cajon) we kastenatlar (castaňuelas) goşulýar.

Flamenkonyň beýleki žanrlardan üýtgeşik we ony has çylşyrymly kylýan ýeri, aýdymyň sözleriniň ritm bilen baglanmagy we şol bir wagtda tansçylaryň hem şol ritme görä hereket edip jogap bermeleri bolup durýar. Bu diýmek, performansda ýer alýan ähli kişiniň, hemmesiniň birlikde şol bir ritmi ýa-da şol dili gürlemegi bolýar. Flamenko durşy bilen duýgy ekspressiyasy, tansçylar edil alaw ýaly gahar-gazaby duýdansyzlyk bilen el hereketleri we aýak urma ritmleri bilen daşyna çykaryp, tomaşaça şol duýgylary ýetirýär.

Flamenco Dance (lasentio galeria)

Flamenkonyň dünýäde tanalmagyna has köp goşant goşanlardan Camaron de la Isla we onyň aýrylmaz gitarist ýoldaşy Paco de Lucia. Camaron de la Isla ir aradan çyksa hem flamenko söýerleriň gözünde ol bir kult bolup durýar.

Camaron de la Isla we Paco de Lucia (Marina Casado)

Camaron de la Isla flamenkonyň taňrysy diýip bilinse hem, onuň bilen döwürdeş bolan we ondan soňra meşhur bolan legendalary aýtman geçip bolmaz. Olardan: Nina Pastori, Enrique Morente, Estrella Morente, Jose Merce, Remedios Amaya ýaly birgiden artistler bar. Tradisiýany dowam edip, flamenko giriş playlist hem taýýarladyk.

--

--