Türkmenistanly orkestrleriň täze ýoly hökmünde pop-kultura

Batyr Berdiyev
reňkli+
Published in
4 min readApr 10, 2021

--

Surata düşüren: Ýuriý Şkurin | turkmenistan.gov.tm

Barok döwrüniň Wiwaldisi we Bahy, klassizmiň Mozarty, klassizm bilen romantizmiň arasyndaky köprüniň Bethoweni we romantizmiň Şopeni, Çaýkowskiýsi, Rahmaninowy, Weberi… Ady rowaýata öwrülen saz döredijileriniň eserleri asla könelmän, her döwrüň ruhuna görä, göýä, täzeden teswirlenýär. Ýagdaý şeýle bolsa-da ady agzalan kompozitorlar bilen gyzyklanýanlaryň sany rok muşdaklaryna ýa-da pop-kulturanyň çäklerinde döredilýän aýdym-saz eserleriniň diňleýjilerine garanyňda az we çäkli. Bu azlyk elbetde “çöregini” nusgawy aýdym-saz bilen gazanýanlara hem täsir edýär.

Türkmenistanly orkestrler muňa çözgüt tapan ýaly. Aşgabatda eýýäm birnäçe ýyl bäri ýaşaýan biri hökmünde şäherdäki sungat çärelerine gitmegi belli bir dereje endik edindim. Ilki başlarda, ýagny 2018–19-njy ýyllarda, konsertlerde ýokarda agzalan kompozitorlaryň eserlerine köp gabat gelmek bolýardy. Hususan-da Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda çykyş edýän Türkmenistanyň simfoniki orkestri bir konsertinde diňe romantizmiň eserlerini ýerine ýetirse, beýlekisinde Nury Halmämmedow ýaly ýerli wekilleriň eserlerini hödürleýärdi.

2019-njy ýylyň tomsunda bu “surat” has hem janlandy. 4-nji awgustda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallar topary “Bohemian Rhapsody” atly konserti gurady. “Watan” kinokonsert zalynda geçirilen bu konserte tomaşaçy hökmünde gatnaşypdym. Öňünden bilet almandygym üçin gyrada oturyp diňlemeli boldum. Dogrusy, beýle köp adamyň isleg bildirjekdigine garaşmaýardym. Konsertde diňe bir “Queen” toparynyň aýdymlary däl, eýsem, Jon Lennonyň “Imagine” aýdymy hem ýaňlandy. Bahar Durdyýewanyň, Aleksandr Koçetowyň rok performanslary diňleýjileri dek oturtmady.

Ine, Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary mugallymy Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallar topary özüniň utgaşdyrylan konserti bilen saz gurallarydyr ses tarlarynda nusgawy sazlaryň notalaryny oýnatmak isleýän, emma bir tarapdan hem tomaşaçylary özüne çekmek isleýän sazandalar, ýerine ýetirijiler we orkestrler üçin täze bir başlangyjyň bosagasyndan ätledi. “Utgaşdyrylan” sözi bilen aýtmak isleýänim, konsertiň dowamynda hem nusgawy sazlar çalynýar, hem-de pop-kulturanyň çäklerine girilýär. Bu orkestr şol ýylyň dekabr aýynda geçiren Maýkl Jeksona bagyşlanan konsertini “islegiň ýokary” bolmagy sebäpli bir hepdäň içinde ikinji gezek gurady; ilkinjisi dekabr aýynyň 1-ne “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, ikinjisi 8-nji dekabrda nebit-gaz toplumyna degişli Medeniýet öýünde geçirildi.

“Zhara” konsertinden (Surata düşüren: Ýuriý Şkurin | turkmenistan.gov.tm)

Pop-kultura bilen baglanyşdyrylan islendik çäräniň köp tomaşaçyly boljagyna göz ýetiren Tahyr Ataýewiň orkestri 2020-nji ýylda şeýle konsertleriň üçüsini geçirip ýetişdi:

1. Ýanwar aýynda “Disneýiň jadyly dünýäsi” ady bilen meşhur multifilmleriň sazlarynyň konserti;

2. Fewral aýynda Aşgabadyň çäklerinden çykyp, Türkmenbaşy şäherinde meýilnamasy nusgawy sazlar bilen utgaşdyrylan Maýkl Jeksonyň we “Queen”-iň aýdymlarynyň konserti;

3. Iýun aýynda bolsa, “Zhara” ady bilen “Nirvana”, “The Beatles”, AC/DC, “Limp Bizkit”, “Queen”, “Pink Floyd”, “Imagine Dragons” ýaly popular rock aýdymlarynyň konserti.

Tahyr Ataýewiň orkestriniň arçan ýolundan Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hem ýöremäge başlady diýsem ýalňyşmasam gerek. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky bu orkestr geçen ýylyň 25–26-njy aprelinde “Türkmenistan” kinokonsert zalynda geçiren “Музыка Голливуд” atly konsertinde “Harry Potter”, “Star Wars”, “Titanic”, “Forrest Gump”, “Pirates of the Caribbean” we şulara meňzeş meşhur kinolaryň sazlaryny ýerine ýetirdiler; 14-nji iýunda bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Disney Fantasia” ady bilen “Walt Disney Studios” multifilmleriniň “jadyly dünýäsine” syýahaty guradylar.

Geçen ýylky girizlen çäklendirmeler, elbetde, konsertleriň hem sanynyň az bolmagyna getirdi. Ýöne bu ýagdaý ýokarda belläp geçen klassika bilen pop-kulturanyň utgaşdyrylmagy bilen bagly fakta garşy gelmeýär.

Aslynda, bu makalany 2020-nji ýylyň ortalaryna ýazmagy meýilleşdirýärdim, emma hemmeleriň öýde oturan wagty konsert barada ýazmagyň dogry däldigine düşündim.

Golaýda hem Tahyr Ataýewiň, hem-de Resul Gylyjowyň orkestrleri nobatdaky konsertleri babatdaky bildirişleri ýaýratmaga başlady.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri möwsümi Çaýkowskiýniň we Rahmaninowyň eserleri bilen 21-nji aprelde açmagy meýilleşdirýär. Munuň yzysüre Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylyk edýän kirişli saz gurallary orkestri 2-nji maýda “Türkmenistan” kinokonsert zalynda “Retro Party” atly konserti geçirer.

Teatr möwsüminiň hem açylandygyny göz öňünde tutsak öňümizdäki aýlarda geçen ýylyň aryny alsa boljak.

Hää, ýene-de birzat! Azadyň “Arabyň gyzy” aýdymynyň doly görnüşi eýýäm birnäçe gün bäri hemme ýerde goýberilýär. Şu gün bolsa, ikinji klibine gabat geldim. Näme üçin iki klip çykarmak isleginiň dörändigini bilemok, özüni tutup bilsem sorajak. Söhbetdeşlik islegimi beýan edenime dört gün boldy.

Orkestrli gürrüňe gelsek, şeýle utgaşyklygyň döredilýändigine begenýän. Aslynda simfoniki ýa-da beýleki görnüşdäki uly orkestrleriň pop ýa-da rok žanrlary bilen utgaşdyrylmagy täzelik däl. Muňa mysal hökmünde, türk rok topary “Mor ve ötesi”-niň simfoniki orkestri bilen ýerine ýetiren aýdymlaryny görkezmek bolar. (Geçen ýyllarda ençeme gezek gaýtalap diňlänim üçin şu mysaly berdim)

Şu iki meselä hem üns çekmek isleýärin: makalanyň üns merkezine alýan döwründe gürrüňi edilen orkstrler nusgawy sazlardan düzülen konsertlerini hem geçirmäge dowam etdi (1); şeýle hem ýokarda beýan edilen konsertleriň aglabasynyň bildirişleri rus dilinde ýaýradyldy, rusça bilmeýän tomaşaçylary hem özüne çekmek üçin türkmen dilindäki bildirişleriň hem ýaýradylmagy ýerlikli bolar.

Sungatyň islendik ugry, žanrlary özüne mahsus reňkler bilen bezelýär. Bu reňkleriň utgaşmagyndaky emele gelýän äheň bolsa, adamzadyň döredijilik we hyýal dünýäsiniň giňligine yşarat edýär.

Nobatdaky subýektiw makalamy soňuna çenli okan Hormatly Okyjy! Aýdym-sazly günlerde duşuşalyň!

--

--