Tom Kruzuň ýerine ýetirip bilmejek missiýasy ýok

Ussa Hajyýew
reňkli+
Published in
3 min readJul 19, 2023

Hollywood-yň meşhur aktýory Tom Kruzuň dartgynly saz bilen ýokardan sallanyp, aşakda duran kompýuteri ulanýan sahnasy kino sungatynyň taryhyndaky ýatdan çykmajak kadrlaryň biridir. Tom Kruzuň şol sahnasy “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa” (Mission: Impossible) filmler toplumyna degişli bolup, şol seriýanyň (2-den köp kinosy bolan filmler toplumyna seriýa diýilýär) 7-nji kinosy häzirki wagtda prokatlara ýaýradyldy. Ilkinjisi 1996-njy ýylda meşhur režissýor Braýan de Palma tarapyndan erkanlaşdyrylypdy. Şondan bäri geçen 27 ýylda 7 film ekranlara çykdy we 8-njisi hem 2024-nji ýylyň iýunynda kinoteatrlarda ornuny alar.

Täze 7-nji film “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa: ölümli hasaplaşyk 1-nji bölüm” (Mission: Impossible — Dead Reckoning Part One) diýlip atlandyrylýar. Filme seriýanyň 5-nji kinosyndan başlap kameranyň arkasyna geçen Kristofer MakKuarri režissýorlyk edýär. Ol Tom Kruz bilen “Jek Riçar” (Jack Reacher) filminde bile işleşipdi. Tom Kruzuň surata düşen başga-da käbir kinolarynyň ssenariçisi hem bolupdy. Režissýoryň Erik Jendresen bilen bilelikde ýazan ssenarisi esasynda ekranlaşdyrylan filmiň býujeti 291 million dollara deňdir (iň gymmat filmleriň biri).

Filmiň görkeziljek güni bilen baglanyşykly jedelli gürrüňler köp boldy we ahyrynda 12-nji iýuldan başlap prokatlara ýaýradyldy. 163 minutlap dowam edýän film Abu Dabide, Dubaýda, Alp daglarynda, Wenesiýada, Rimde, Amsterdamda, Waşingtonda hatda Ýemende surata düşürildi. Film ýene-de uruşly, hereketli “action” sahnalara baý bolup, bu ekran eserinde Tom Kruzdan (Itan Hant) başga-da 3-nji filmden bäri seriýada surata düşüp gelýän Saýmon Pegg (Benji), şol sanda, Rebekka Ferguson (Ilsa), Wanessa Kirbi (Alanna), Wing Rames (Luter), dagynyň hataryna Pom Klienteff (Paris) bilen Haýli Atwell (Greýs), Esai Morales (Gabriel) goşuldy. 27 ýyl öňki 1-nji filmde surata düşen ussat aktýor Henri Çairni ýene-de Ýujin Kittrij keşbi bilen täzeden filme gaýdyp geldi. Uruşly kinolaryň meşhur aktrisasy Haýli Atwelliň janlandyrýan keşbiniň filmdäki Tom Kruzdan soň 2-nji baş keşpdigini belläp geçeliň.

Görkezilip başlanyna 1 hepde dolup barýan film 235 million dollarlyk kassa ýygymyny toplady. Filmde Itan Hant we topary IMF ýene-de juda kyn bir missiýany ýerine ýetirmeli bolýar. Hotdesinden gelmek juda kyn bolan bu işde, Hant we topary betpäl adamlaryň eline geçen ýagdaýynda, has howply boljak ýaragyň gözlegine çykýar…

Prokatdan toplany 1,5 milliard dollara golaýlan “Topgan: Mawerik” filmi bilen Hollywood-yň pandemiýa döwründäki gahrymanyna, halasgärine öwrülen Tom Kruz “action” filmlerindäki sahnalarda dublýorsyz surata düşýändigi bilen uly meşhurlyga eýedir. Golaýda 61 ýaşy arka atan ussat, henize çenli Oskar gazanmak miýesser etmedik aktýoryň bu filmde-de dublýorsyz sahnalary az bolmady. Motosiklleri, tanklary, ýeňil ulaglary, hatda dikuçarlary hem özi ulanýan, şol sanda gökdiränlere özi dyrmaşýan Tom Kruzuň täze kinosynda-da uruşly sahnalar juda köp. Käbir sahnalarda Tom Kruz ýene-de öz derejesini, öz rekordyny hasam ýokarlandyrýar.

Seriýanyň öňki kinolary barada-da kelam-agyz aýtmaly bolsa, “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa” filmler toplumy iň köp girdeji gazanan 18-nji seriýadyr. 7 film üçin 1 milliard 118 million dollar çykdajy edilip, häzirlikçe 3 milliard 806 million dollar girdeji gazandy. Seriýanyň iň gymmady 7-nji film, iň köp kassa ýygymyny toplany-da häzirlikçe 6-njy filmdir (791 million dollar). Braýan de Palmadan soň 2-nji filme hytaýly Jon Wu, 3-nji filme ylmy-fantastik görnüşiň ussady J.J. Abrams, 4-nji filme-de Bred Bird režissýor etdi.

7 filmiň arasynda kinokritiklerden iň köp položitel ses alany 6-njy kinodyr. 7-nji filme-de tomaşa edenler ýokary baha berýär we bu ekran eseri seriýanyň iň gowy 2-nji kinosy hasaplanýar. Mahlasy, 7-nji filme “action” film söýüjileriniň, şol sanda Tom Kruzuň muşdaklarynyň gürrüňsiz tomaşa etjekdigine şübhe ýok. Demirgazyk Amerikadaky 4327 kinoteatrda we dünýäniň çar künjeginde görkezilýän filmiň prokatlardan 750 million dollara golaý girdeji almagyna garaşylýar…

Originally published at http://renkliplus.com on July 19, 2023.

--

--