XXI asyr jazynyň häzirki zaman sopusy

Bayram Agayew
reňkli+
Published in
3 min readMar 2, 2023
Surat: Tore Sætre / Wikimedia

Ýazgymyzyň bu sanynda hem, biraz şahsy duýgular bilen garym-gatym ýazgy çykarmaga karar berdim. Elbetde, bu professionallykdan uzaklaşýanlygymy aňladýar, ýöne ýagdaýlar şeýleräk.

Geçenki makalada hem agzap geçişim ýaly ýakaryşly sazlardan uzaklaşyp bilmedim. Şol bir wagtda, jazz (jaz) bilen özüme gelmäge çalyşýardym. Bular neşe ýaly özüne baglaýarlar. Bir neşeden, başga bir neşä geçen ýaly, özüme orta bir ýol tapypdym.

Hem jazz-y, hem-de dini äheňleri garyp, özboluşly saz döredýän kompoziter, aýdymçy, sazandar barada gürrüň etmekçi.

Bu kompozitor aýdymçymyzyň ady Dafer Ýosef. Asly tunisli bolup, 1967-nji ýylda uly bolmadyk Tebaulba diýen balykçy obasynda dünýä inýär. Oba müezzinleriniň maşgalasynda önüp-ösenligi üçin ir ýaşdan müezzinlik sapaklaryny alyp, doly we dogry ses çykarmagy öwrenip başlaýar. Garaşylşy ýaly obanyň ymamy Daferi ýerli metjitleriň birinde azan okamasy üçin çagyrýar. Şol ýerde, birinji gezek eline mikrofon alyp, sesiniň giňişligine gözi ýetýär. Birinji ädiminden soňra, ýerli, dini aýdymlar bilen çykyş edýän topara wokalist bolup goşulýar, şol ýerde hem ömürlik ýoldaşy bolan saz guraly ud bilen birinji gezek tanyşýar. Ýerli derejede alýan biliminiň özüne ýetmeýändigine düşünip başlanyndan soňra okuwyny dowam etdirmek üçin akademik sazyň mekany bolan Wena şäherine göçmek netijesine gelýär. Ol ýerde saz nazaryýetini öwrenip başlaýar, emma olaryň wulgarlygyndan ýadap özüni jazz-a we hindi sazlaryna berýär. Şol ýerde okuwyny taşlap Wenanyň ýerli jazz barlarynda sahna çykyp başlaýar.

Daferiň esasy ylham çeşmesi arap milli sazlary we sopy pelsepesini ýöredýän şahyrlary bolsa-da, ol sazyny bütin dünýä ýaýratmak isleýärdi. Şonuň üçin arap dilini bilmeýän diňleýjilere-de sazynyň we sesiniň üsti bilen öz duýgularyny we aýtmak isleýän zadyny ýetirmegi başardy.

Özüniň hem ýadyşy ýaly, arap şygryýeti sazsyz hem güýçli, emma dili bilmeýänler üçin sazyň hem güýçli bolmaly. Ine, şonuň üçin hem ol dini äheňlerde seslendirilýän folsettonyň üstünde köp işlemäge başlaýar. Eger, Daferiň aýdymlaryna we sazlaryna göz gezdirip gören bolsaňyz, olaryň hemmesi pelsepi atmosferanyň howasyny berýär. Özüniň hem belläp geçişi ýaly, Dafer çagalykdan bäri sopulyk we mistisizm bilen ýakyndan bagly bolany üçin gündelik durmuşdaky pelsepesi döredijiligine hem uly täsir edýär.

Dafer, 1999-njy ýylda birinji “Malak” atly doly albomyny çykarýar. Albom, jazz we arap äheňleri bilen bezelen. Daferiň birinji albomy saz tankytçylary tarapyndan hem gowy garşylanýar we onuň geljekdäki halkara derejedäki şowly karýerasy üçin uly rol oýnaýar. 2001-nji ýylda çykan “Electri Sufi” atly ikinji albomy bolsa Daferiň karýerasynyň köküni berkidýär diýip bileris. Täze albomy bilen ýewropa konsert syýahatyna çykýar we diňleýjiler tarapyndan gowy garşylanýar. Onuň yz ýany, 2003-nji ýylda çykaran “Digital Prophecy” atly albomynda eýýäm onuň sazlarynyň üstünde eksperiment edip başlandygyny eşidip bolýar. Üçünji albomynda, ud bilen elektro jazz-y biri-birine utgaşdyrmaga çalyşýar; şowly hem bolýar.

Jazz söýerler tarapyndan uly sylag gazananyndan soňra, 2016-njy ýylda çykaran “Diwan of Beaty and Odd” adly albomy bilen jazz dünýäsiniň ägirtleri bilen Nýu Ýork sahnasyna çykýar. Dafer bu albomda Aaron Parks, Ben Williams, Mark Guiliana, Ambrose Akinmusire ýaly jazz dünýäsiniň ussatlary bilen işleşýär.

Gysgaça aýtsak, Dafer, günorta, gündogar, aziýa, hindi sazlaryny biri-biri bilen utgaşdyryp, üýtgeşik tagamly süýji bir saz döredýär.

Dhafer Youssef — Soupir Eternel

Dhafer Youssef — Al Akhtal Rhapsody Part 1 ( to Damascus)

Dhafer Youssef — Human Kind (Official Audio)

Dhafer Youssef — Blending Souls & Shades (To Shiraz)

Dhafer Youssef Quartet — Les Ondes Orientales

--

--