Şeb-i Hijran

Bayram Agayew
reňkli+
Published in
5 min readFeb 23, 2023
Şasenem-Garyp filminden

Ýazgymyň bu sany, ne bir aýdym-saz topary barada ne-de bir akym barada bolar. Birnäçe gün öňünden, reňkliniň redaktory bilen gürleşilip bellenilen temany, soňky günde goýbolsun edip düýbünden başga bir tema barada ýazmak netijesine geldim. Bu üýtgeşiklik barada menden başga hiç kimiň habary ýokdy. Ýöne, ýene-de bir tarapy saz sungatyna baglanýan bir temanyň üstünden arassa pikir ýöretmekçi. Bu ýazgy üçin, ne internetden maglumat gözledim, ne-de kitaplardan ylham aldym. Elbetde, alnyp barylýan proýektiň politikasyna uýup, bellenilen çyzgylardan daşary çykman dowam edip bolardy, ýöne beýle ýagdaýda bir “ýöne” ýüze çykýar. Bu, “ýöne” hem öz şahsy menligim (ýa-da ego) bilen baglanyşykly.

Şu wagta çenli ýazylan makalalarda, şahsym bir resistor wezipesini alýardy. Işlenen ýa-da işlenmedik maglumatlary çöpläp, täzeden işläp, okyjylara ýetirýär, žurnalistika hem şeýleräk işleýär. Esasy, “ýöne” işiň soňunda maňa ruhy tarapdan hiç zat galmazlygydy; subýektiw häsiýet ýokdy. Ine şol sebäpden hem iň soňky minutda, düýbünden başga bir ýazgy üçin stoluň başyna geçdim. Bu ýazgyny hem tehniki tarapdan bu sanyň monology diýip hasap edip bileris. Ýeke galmak bilen bilelikde gelýän sowgat bu ýeke galybam öz-özüň bilen dialog görnüşinde pikir ýöredip bilmekdir.

2022-nji ýylyň soňunda, aýdym we saz diňlemek üçin ulanýan platformalarymyň biri bir ýylyň dowamynda men barada toplan maglumatlaryny paýlaşdy we paýlaşan maglumatlarynyň içinde bir ýer has ünsümi çekdi, ol hem bir ýylyň dowamynda, diňe şol platformada, bir ýylyň 28 gününi aýdym diňläp geçiripdirin. Bu maglumatda haýran galjak zat ýokdy, emma ol platformada bolmaýan sazlary hem göz öňünde tutanymda ep-eslije bir san çykýar. Bu hasabyň soňunda çykan san, başgalaryny gaýgylandyrsa hem, meni bir gram hem gaýgylandyranokdy. Sebäbi, aýda bir ýa-da iki gün hiç zat etmän, bir otagyň içinde uzakly gün oturyp, aýdym-saz diňlemek ýaly rituallarym bar. Ýöne, meni biynjalyk eden zat, soňky bir-iki hepdäniň içinde ne melodiýa, ne-de garmoniýa bolan isleg bardy. Şu gün garaşylmadyk bir ýerden trigger ýüze çykdy. Edgar Allan Ponyň gysga bir hekaýasyna gabat geldim. Şol hem, duýdansyz ölüm bilen bagly aýdym-saza bolan açlygy oýardy. Playlistimiň 60–70 göterimini melanholik aýdym-sazlar tutsa-da soňky wagtlar özümi jazz bilen doýurmaga çalyşýardym.

Pikirler öz akyşyna gideninde, “näme üçin melanholik sazlara özümi aldyrdym?” soragy döredi. Akademikler we başga ýazyjylaryň ýazan çeşmelerini ulanyp, bu soraga jogap tapyp bolardy. Grek tragediýalaryndan başlap, dini rituallyň üsti bilen ölüleri çagyrmak üçin olaryň yzyndan çekilýän perýada çenli. Ýöne, muňa ego diýilýän bir belä girenligi üçin öz jogabymy tapmak isledim. Her gezeginde takyk bolmaýan jogaplaryň birinden beýlekisine ýelk ýasadym. Belki-de melanholik sazlaryň duýgy palitrasy has giňişdir. Öňünde-soňunda aýdym-sazyň başlangyjyndaky sebäp adamlaryň duýgularyny bir ýere jemlemek. Adam bolmadyk bolsa we ol duýgularyny akyl edip bir ýere jemläp bilmese tebigatdaky tebigy sazlaryň hem bir peýdasy ýok. Beýleki bir tarapdan hem sazy döretmekde (sungatda) iň güýçli motiwator ölüm, ýitirmek bolup duranokmy eýsem?! Biriniň ölümi üçin perýat çekmek. Adamlaryň birini ýitirendikleri üçin ýa-da soňky gezek didarlaşýandyklary üçin içindäkileri aýdyp biljek iň esasy ekspressiýa (beýan ediş) guraly aýdym-saz bolup duranokmy?! Ýa-da dini ynanjy sebäpli ölüm gorkusyndan, dowzah gorkusyndan, ýa-da yzyndan dowam etdirýän halypasyna, mugallymyna ýüzlenip, günäleri üçin ýakaryş etmeýärlermi?!

Geçmiş, ýitgi we ökünç gowulyklaryň küýseginde bolup hemmesini şol bir wagtda berip bilýänligi üçin belki-de mende has uly isleg döredýändir. Belki-de, şatlygy köpçülik bolup paýlaşyp, gamy ýekelikde çekýänligiň üçin onuň berýän duýgy goýulygy has güýçli bolanlygy üçindir?! Şatlygyň biri-birine bagly birnäçe mehanika ýaly üýtgetmän paýlaşylýan wagty, gam-gussanyň her şahsy öz pikir dünýäsinde özbaşdak bir ýerlere alyp gidýänligi üçindir belki-de?! Haçanda bir artist sazyň üsti bilen çagalygyndaky Bagdadyň galmandygy üçin melodiýa bilen aglamak duýgusyny beýan edende, artistiň öz duýgusyndan başga, belli bir wagta, mekana, ýagdaýa, waka özüni, geçmişini, geljegini baglan(baglaýan) kişiler tarapyndan her gezeginde düýbünden, biri-birinden üýtgeşik ssenariýler ýüze çykýar. Belki-de, geçmişi, şu wagty we geljegi biri-birine baglaýandygy üçindir?!

Şatlygy diňe şol ýerde, şol wagtda, şol wakanyň içinde bolup, daşary çykaryp bilýän wagtyň; gamy bolsa ýatlamalar bilen öňki boluň geçen şatlykly pursatlary ýatlap, onuň ýene bir gezek gelmejegini bilýänligiň üçindir belki-de?!

Her gezeginde, ýatlamalara alyp gidýänligi üçin ýa-da belli bir waka bilen baglanyşygyň bolmasa hem duýgulary öz huşyňda täzeden ýaşap bilýänligiň üçin paýlaşmak aňsat gelýändir?! Pikirleriň alyp gidip biläýjek her ýerine göz aýlanyňda hemme kişiniň bilip, söz açmaga çekinýändigi üçin ýa-da ýatlamaga gorkýandygy üçin has goýy duýgular berýändir?! Belki-de ýetginjeklikde bir ýerlerde okan goşgyňy, eşiden ýa gören wakaňy ýada salýanlygy üçindir?! Nähilem bolsa, sazyň täsiri ýaly goşgy we hekaýalar hem şol täsiri ýetirip bilýärler. Biri beýlekisiniň sebäbi däl, emma ýene-de birini beýlekisiz pikir etmek kemlik.

Şeýle uly gara we ak reňkleriň garyndysyndan döreýän üýtgeşik çal reňk palitralarynyň düýbünde ýaşamak we ölmek fenomenleri garşyňa çykýar. Ýaşamak barada näçe owadan aýdym-saz döretseň hem az wagtdan soňra, az uzaklaşanyňdan soňra duýdansyz we başlarda akyl ýetirilip bilmeýän gam gurşap alýar.

Näme üçindir, uzak wagtlap şol düşnüksiz melanholiýany, ölüm bilen baglanyşdyryp gezipdirin. Şu wagt gelen netijäme görä, ol ölüm ýa-da ölüm gorkusy bolman, eýsem ýaşamaga bolan suwsyzlyk bolup durýar. (Belki pikirlerim ýene bir sagatdan ýa-da birnäçe wagtdan soňra üýtgäp biler). Tragediýalardan mysal alanymyzda-da, jesediň yzynda ölüm sebäpli zar çekip, agy-nala etmeýärler; ýaşap bilmedikleri üçin, ýaşamaga bolan islegiň duýdansyz kesilenligi üçin, islegleriniň tersine bolanlygy üçin.

Bu meselä ynanç tarapyndan seredenimde başda biraz kellämi bulaşdyrdy, emma soňunda onuň hem ýaşamaga bolan islegden gelýändigine düşündim. Bu ýerde, esasy rol kişiniň öz islegi däl-de, ynanjynyň islegi boýunça ýaşamak arzuwy bilen hereket etmegidir. Bu ýerde hem ýolundan ýöreýän mugallymlarynyň ýogalandygy üçin ýa-da olary hiç görüp bilmedikleri üçin ýakaryş edenlerinde ýene ýaşamak arzuwy ýüze çykýar. Kelläni bulaşdyrýän ýerine gelsem, bu dünýäni synag dünýäsi görmeleri ýa-da tussaghana ýaly görmeleri netijesinde perişdeleri tizräk janlaryny almalary üçin ýakaryş etmekleri. Ýöne, göz öňünde tutýan, ölümden soňraky durmuşy wagz edýän ynançlarymyzy alanymyzda ýene-de ýaşamak duýgusy bar. Ýekeje üýtgeýän ýeri ynançlarynyň olara ündeýşi ýaly wada berlen durmuşy ýaşamak islemekleri.

Günüň soňunda, bir soraga jogap tapjak bolup, näçe tapawutly jogaplaryň üstüni açsaňam, şonça-da täze sorag döreýär.

Persian Music — Shams and Rumi (Persian + English Lyrics)

Mashay — مشاي

Qara Dərviş — Cəsəd Sevdası

Krunk

Psalm 50 In Aramaic: Have mercy on me, O God — ܪܲܚܸܡܥܠܲܝ ܐܲܠܵܗܵܐ ܐܲܝܟ݂ ܛܲܝܒ̇ܘܼܬ̣ܵܟ݂ (Lyric video)

No soy de aquí, ni soy de allá (En vivo) — Facundo Cabral

אינדי סיטי — Neta Elkayam نيطع القايم — Muhal Nensah محال ننساه — Indie City

Shasenem Garyp. “Разлука” из “Шахсенем и Гариб” 1963, поет Мурад Садыков

Demircan Demir · Leyl

Mourning Beloveth I Saw A Dying Child in Your Arms

Pain in Any Language (Official Audio)

--

--