“Eje, men sekta girdim” — ýa-da Gündogar medeniýetiniň amerikan hip-hopyna täsiri
Bu makalada hem arkamyzy Gündogar Aziýa diräp, Günbatar barada gürrüň ederis, ýöne azajyk bärräkden, ýagny Koreýadan däl-de, Hytaýdan başlarys. Makala başlamazdan öň Gündogar söweş sungatynda “sekt” sözüniň näme many aňladýandygyna ser salalyň.
Sekt — söweş sungatynyň belli bir ugry ýa-da görnüşi boýunça tälim bermek üçin döredilen gurama aýdylýar.
K-popdan-dan soňra, göni “Wu Tang Clan”-a bökmek, redaksiýanyň bipolýarlygyny ýüze çykaryp biler. Ýetginjekleriň ünsüni çekip bolan bolsak, indi biraz orta ýaşly, brutal erkekleriň ünsüni çekmek isleýän “reňkli+” awtorynyň bu esassyz strategik herekediniň ne birinji ne-de soňky ädimini synlaýarsyňyz.
Bu sanymyzda gysgaça “Wu Tang Clan” barada agzap geçmekçi. Gysgaça diýýänimiň sebäbi, olaryň döreden mifalogiýasyny we orta goýýan pelsepesini unitazyň üstünde oturan ýeriňde okap düşünip bolmaýar. Şonuň üçin, esasy maksadym hajathanadan çykanyňda, gireniňdäkiden az hem bolsa köp bilip çykar ýaly etmek.
Indi, “Wu Tang Clan, kim, näme, nirede?” diýen ýaly soraglara jogap bereliň. “Wu Tang Clan”, ABŞ-nyň Nýu Ýork şäheriniň Staten Aýlend diýilýän ýerinde 1992-nji ýylda döredilen hip-hop topary. Bu toparyň (klanyň däl) agzalaryny sanasaň sogaby bar; RZA, GZA, Ol’Dirty Bastard (ýatan ýeri ýagty bolsun), Method Man, Raekwon, Ghostface Killah, Inspectah Deck, U-God, Masta Killa we Cappadonna. Topar başda 9 kişiden emele gelýär, ODB aradan çykanyndan soňra 8 bolup dowam edýärler. Başdan hem topara ýakyn bolan Cappadonna, resmi we resmi däl maglumatlara göra 2007-nji ýylda topara goşulýar.
Toparyň esaslanyşy we taryhy barada iki keleme aýtsak; başdaky 9 kişiniň hemmesi diýen ýaly biri-birini kiçilikden tanaýarlar. Şonuň üçin 9 kişini bir ýere getirmek aňsat bolmasa-da kyn hem bolan däldir. Toparyň esaslanyşy 1990-njy ýyllaryň başy bolansoň ABŞ-daky Crack epidemiýasyna hem gabat gelýär. Bu sebäpden toparyň hemme agzasynyň agzy aja degen. Aradan çykan Ol’Dirty Bastard hem aşa dozadan heläk bolýar. Neşe, ogurlyk, adam ýaralamak, rugsatsyz ýarag götermek, wandalism we ş.m. — filmlerde görýän gangsterleriň hemme edýän zatlaryny eden şular. Topar adyny, şol wagtlar hemme ýerde trend bolan kung-fu we gündogar göreş sungaty barada düşürilen “Shaolin and Wu Tang” filmden alýar. Toparyň iň esasy agzasy RZA, gündogar radikal pelsepesi bilen gyzyklanyp başlaýar. Bu pelsepe adamlaryň 85%-ni akyl we ruhy taýdan ukuda hasaplaýar, 10%-ni oýaly-ukuly we ukuda bolanlary öz peýdalary üçin ulanýanlar hökmünde düşündirýär, galan 5%-ni bolsa oýa bolup, taňry bilen gönüden-göni aragatnaşykda bolanlar, ukuda bolanlary oýarmak we taňrynyň sözlerini ähli kişa ündemegi özlerine wezipe edinenler hökmünde hasap edýär.
Gürrüňini edýän toparymyz soňky 5%-lik pelsepä özlerini berip, şol pelsepäni ündeýän “Wu Tang Clan”-yny gurýarlar. Elbetde, toparyň hemme agzalary şol 5%-iň içine girýärler. Ýazgynyň şu böleginde, topary esaslandyran, satyş strategiýasyny alyp baran, aýdymlaryň sazlaryny döreden we radikal pelsepeli sekta öwüren RZA respekt çekmän geçip bilmerin. RZA-nyň industriýa beren ýene bir uly sowgady, soňky wagtlar her özüne artist diýýäniň edýän finans strategiýasy bolan “Merch” bolup durýar. Birinji bolup, toparyň logosy bilen egin-eşik satyp başlan “Wu Tang”, diňe birinji ýyllarynda 5 million dollar girdeýji edinýärler.
Toparyň agzalary, esaslanyşy we pelsepesi bilen gysgaça tanyş bolan bolsak, olaryň diskografiýasy bilen hem tanyşdyraýyn. Aslynda, topar esaslanmagyndan öň, toparyň agzalary solo (ýeke) aýdymlary bilen tanalyp başlanýar. Topara goşulanlaryndan soňra hem bir tarapdan solo kariýeralaryny dowam etdirýärler. Şonuň üçin 1992-nji ýyldan bäri topar we onuň agzalary tizliklerini peseltmän dowam edip gelýärler. Bolmasa “Wu Tang Clan”-yň bary-ýogy ýedi sany doly studio albomlary bar. Toparyň hem-de onuň agzalarynyň aýdymlary esasy köçe durmuşy barada we olaryň öňe sürýän (ýokarda belläp geçilen) pelsepeleri barada. Toparyň birinji albomy “Enter the Wu Tang” hemme hip-hop radiolarynda näçe hepdeläp ýaňlanýar. Birinji albomyň iň köp halanan bölegi “C.R.E.A.M” we “Protect Ya Neck” aýdymlary bolýar. 1997-nji ýylda çykan “ Wu-Tang Forever” albomynda bolsa “Triumph” aýdymy has köp üns çekýär. Başdan bäri hem Wu Tang bilen feat çykaryp ýören Cappadonna, 2007-nji ýylda çykan “8 Diagrams” atly albomy bilen, resmi taýdan toparyň bir agzasy bolandygyny diňleýjilere ýetirýär. Toparyň doly, studio albomlary çykan ýyllaryna görä aşakdaky ýalydyr:
Enter the Wu-Tang (36 Chambers) (1993)
Wu-Tang Forever (1997)
The W (2000)
Iron Flag (2001)
8 Diagrams (2007)
A Better Tomorrow (2014)
Once Upon a Time in Shaolin (2015)
Wu Tang toparyny diňleýjiler “East Cost rap“ (bu barada ýazgymyzyň geljekki sanlarynda okap bilersiňiz ýa-da ýaltanmasaňyz internetden hem okap bilersiňiz) topary diýip atlandyrsalar hem, olar özlerini global bir topar hasaplaýarlar.
Nädip sözümi jemlejegimi bilmedim, şonuň üçin ýene size öz halaýan aýdymlarymy wagyz etmek üçin “Wu Tang Clan”-dan playlist bilen jemlemekçi.
Wu-Tang Clan — Protect Ya Neck (Uncensored HQ Video)
Raekwon — Ice Cream (Official HD Video) ft. Ghostface Killah, Method Man, Cappadonna
Wu-Tang Clan — Triumph (Official HD Video) ft. Cappadonna
Ol’ Dirty Bastard — Shimmy Shimmy Ya (Official Video) [Explicit]