ÝAGYŞ BARADA 12 HAKYKAT

Ylhamly ýaşlar
Ylhamly ýaşlar
Published in
2 min readDec 24, 2020

Zeminde gülleriň bitmegi üçin wagtal-wagtal ýagyşyň ýagmagy zerur bolup durýar. Esasan hem beýleki pasyllara garanyňda, bahar paslynda tebigatyň bu hadysasy has-da ýygjamlaşýar. Biz hem okyjylarymyzyň dykgatyna ýagyş hakyndaky täsinlikleri ýetirmegi makul bildik.

l . Portugaliýanyň ilaty ýagyş ýagmagy sebäpli işden galmak mümkinçiligine eýe.

2. Braziliýanyň Para ştatynda adamlar ýagyşa görä sagadyň wagtyny sazlaýarlar, sebäbi ol ýerde ýagyş günde şol bir wagtda ýagýar.

3. «Darts» oýny ýagyş sebäpli peýda bolupdyr. Bir wagtlar peýkamçylar türgenleşik wagty ýagşyň aşagynda galýarlar. Ine, şondan soň peýkamçylar meýhana girip, kiçi naýzalary diwarda asylyp duran nyşana gönükdirip, atyp başlapdyrlar.

4. Hakykat-da ýagyşyň ysy ýok. Ýagyşyň ýakymly ysy diýip bilýänimiz, aslynda aktino we sianobakteriýalary döredýär. Ýagyşa ys berýän madda geosim diýip atlandyrylýar.

5. Uganda halkyny ýyldyrym ýa-da ýagyş bilen gorkuzyp bolmaýar. Sebäbi olarda ýylda 250 gezek ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagýar.

6. Ilkinji gezek radioda howa maglumatynyň aýdylmagyna hem ýagyş sеbäр bolupdyr. Amerika radiostansiýasynyň ýolbaşçysy ýagşyň aşagynda galandan soňra, bir gije-gündiz öňünden howa maglumatynyň aýdylmagy ýola goýlupdyr.

7. Kubada ýagyş diňe öýlän wagtynda, Taýlandda bolsa diňe gije ýagýar.

8. Eger-de adamzat çölde bolsa, ýagyşyň aşagynda gury galmagy mümkin. Aslynda çölde ýagyş ýagýar, ýöne ol duýulmaýar. Çünki yssy howada ýagyş damjalary buga öwrülip ýere çenli ýetip gelmeýär.

9. Çerapundja (Hindistan) dünýädäki iň ýagyşly şäherdir. Ýylda 26460 mm ýagyş ýagýar.

10. Agaýo ştatynyň Uaýnsberg şäherinde, 100 ýyldan bäri her ýylyň 29-njy iýulynda ýagyş ýagýar.

11. Ýylda ýere 519000 km3 ýagyş ýagýar (her 1 km3 bu 1 milliard tonna suwa deň).

12. Dünýäniň iň köp ýagyş ýagýan nokatlarynda gyşda suw ýetmezçiligi bolýan eken. Ýagyş ýagýan pasyllardan soňra gurakçylyk gelýän eken, hatda ilatyň suwy başga şäherlerden satyn alýan ýerlerem bar.

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň meteorologiýa hünäriniň V ýyl talyby.

--

--