Gar barada

Ylhamly ýaşlar
Ylhamly ýaşlar
Published in
1 min readDec 23, 2020

Garyň reňki?

Gar bu gyş paslynyň bezegi, görki. Garyň reňki ýagtylygy görkezýän düzümi we çylşyrymly gurluşy sebäpli biziň gözümize adaty ýagdaýda ak reňkde görünýär. Emma aslynda garyň özi reňksizdir. Emma daglarda ýa-da polýar sebitlerde köplenç adaty bolmadyk köp reňkli garlary tapyp bilersiňiz. Bu gar güli gyzyl, sary, gülgüne ýa-da ýaşyl ýaly reňk berýän pigmentleri öndürýän sowuga çydamly suwotularyň görnüşleri bilen baglanyşyklydyr.

Muzeýde ýagýan gar

Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda alym Nakaýa Ukiçiro tarapyndan muzeýde ýagýan garyň taslamasy işlenildi. Bu täsin muzeýiň zallary gar gowaklaryndan guruldy. Syýahatçylar garlaryň makro suratlaryny görüp haýran galýarlar. Bu ýerde sergi zallaryndan başga-da, muzeýde meşhur suratkeşleriň çykyşlaryny yzygiderli geçirýän konsert zaly bar.

Garyň tizligi

Gar asuda ýa-da çalt we howply bolup biler. Garyň ýere düşmeginiň çäklendiriji tizligi atmosferanyň dykyzlygyna, garyň görnüşine we ululygyna, esasan hem Ýeriň agyrlyk güýjüne baglydyr. Ujypsyzlygy sebäpli gar ýagmagy iň ýokary tizlige ýetýär we sekuntda takmynan 0,2 metr tizlik bilen aşak gaçýar. Ýöne bu gar üçin tizlik däl, sebäbi köplenç ýel oňa tizlenýär.

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

--

--