HOWA ÇAKLAMASY

Ylhamly ýaşlar
Ylhamly ýaşlar
Published in
1 min readDec 23, 2020

Köp adamlary suwuň astynda ýaşaýan jandarlar howanyň üýtgeýşini nähili duýýarka diýen sorag gyzyklandyrýan bolsa gerek. Sebäbi temperatura, basyş, ýel we ýagyş suwdaky iýmit maddalara, kislorodyň mukdaryna täsir edýär. Şonuň üçin hem suw jandarlarynyň özüni alyp barşy daşky meteorologik sebäplere bagly bolup durýar.

Güýçli ýyldyrymly harasatlaryň öňisyrasynda balyklar suwyň astyndaky çägelere we gyrmançalara gömülýärler we harasat sowulýança ýatýarlar.

Eger-de balyklar suwda ýokarlygyna bökýän bolsalar harasadyň golaýlaşýanlygynyň alamatydyr.

Akwariumdaky owunjak balyjyklar birden suwuň üstüne çyksalar ýaramaz howa bolar, eger-de olar çäge gömülseler oňat howanyň boljakdygynyň nyşany.

Gurbagalar ýagyşyň boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny has oňat duýýarlar. Bu hakda köp halk ýorgutlary bar. Gurbagalar gürç ýerde böküşip ýörse, hökman ýagyş ýagar. Agşamlaryna warryklaşsa, ertir oňat howa bolar. Howa ýagdaýyna baglylykda gurbagalar teniniň reňkini hem üýtgedýär. Eger-de ol gara reňkde bolsa — ygala, sarymtyl bolsa — açyk, oňat howa garaşybermeli.

Kiçijik gurbagalary ýörite suwly gapda saklapdyrlar we içine kiçijik merdiwanjyk sallapdyrlar. Eger-de gurbaga merdiwan boýunça ýokary galsa — ýagyşa, aşak düşse — üýtgeýän howa, suwuň üstünde bolsa — açyk howa bolar.

Baýgeldi ÇARYÝEW.

--

--