Jigerbent gala (rowaýat)

Ylhamly ýaşlar
Ylhamly ýaşlar
Published in
1 min readDec 23, 2020

Jigerbent gala Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Sediwer geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Jigerbent goşma söz bolup, ol “bendiň ortasy” ýa-da “bendiň ýüregi” diýen manyny berýär. Taryhy maglumatlara görä, Jigerbent şaheriniň ady ilkinji gezek X asyrdan başlap duş gelýär. Jigerbent Hywa şaherine meňzeş bolup, onda ullakan bazar, köp agaçly şäher we uly metjit bolupdyr. Jigerbent şäheri Amyderýanyň kenarynda ýerleşeni üçin, derýa joşan mahaly onuň gyralaryny altypdyr. Häzirki günlere şäheriň az bölegi saklanandyr. Bu gala barada ýerli halk şeýle rowaýat gürrüň berdi:

- Gadym wagtlarda maşgalada ýeke ogul perzent dünýä inipdir. Haçan-da ol perzent bir ýaşanda ejesi aradan çykýar. Ýetim galan çaga öweý enä berilýär. Ol hem çagany başga oba alyp gidýär. Aýlar, günler, ýyllar geçipdir. Oglanjyk 11 ýaşapdyr (käbir maglumatlarda 12 ýaş). Kakasy şäheriň häkimi bolup, öz şäherine göreş tutmak boýunça ýaryş gurnaýar. Ýaryşa dürli şäherlerden pälwanlar gelipdir. Şol pälwanlaryň arasynda 11 ýyl mundan öň başga oba äkidilen öz ogly hem bar eken. Bu tutluşykly ýaryşda oýnuň jemleýji tapgyryna kakasy bilen ogly galypdyr. Ýöne 11 ýyl hem az däl, kakasy ogluny, ogly hem kakasyny tananok. Tutluşykda ogly kakasyny ýeňipdir we goýlan baýragy alyp şäherden çykyp barýarka, öweý ejesi ogluna: “ýaňy ýaryşda ýykan pälwanyň seniň kakaň” diýipdir. Ogly hem: “Men öz jigerimi bent etdim, goý, bu toprak hem meni şu ýerde ýuwutsyn!” diýipdir we şol wagty ýer jaýrylyp, oglany ýuwdupdyr. Şondan soň şol gadymy gala (şähere) “Jigerbent” ady galypdyr.

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň geografiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

--

--