AÇYK GAPYLAR GÜNI: Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Ylhamly ýaşlar
Ylhamly ýaşlar
Published in
1 min readApr 13, 2019

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2019–2020-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň we başlangyç hünärment mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 2019-njy ýylyň 20-nji aprelinde we 11-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bu çärä gatnaşan ýaşlara mekdepde okuwlaryň guralyşy, okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.

“Açyk gapylar” güni mekdebiň birinji binasynda sagat 14:00-da geçirilýär.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýolunyň 10-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 28–14–56, 28–20–04, 28–07–74.

Çeşme: Mugallymlar gazeti, 12.04.2019, http://metbugat.gov.tm/newspaper?id=521

--

--