Üzärlik bilen tanyşlyk

Galamkesh
Ýolbelet
Published in
3 min readMay 21, 2020

Üzärlik - ylmy ady bilen aýtsak "Peganum harmala" orta aziýa döwletlerinde öňden bäri giňden ulanylyp gelinýär. Onuň tohumy, köki şypa niýetine ulanylýan bolsa, tüssesi hem erbetçilikleri dep edýänligi howany arassalaýanlygy ynanjy bilen ulanylýar. Geliň bu makalada edilen ylmy işleriň gysgaça mazmuny şeklinde üzärligiň täsirleri bilen tanyşalyň.
Üzärlige esasy häsiýetini berýän zat onuň düzümindäki alkaloidler diýilýän maddalarydyr. Üzärligiň düzümindäki esasy üç sany alkaloid bolsa harmalol, harmaline we harminedir. Bu zatlaryň maňa geregi ýok, sen çaltjak peýdasyny aýt diýýän bolup bilersiňiz. Geliň bu maddalaryň bedendäki täsirlerine göz aýlalyň.

Ýürek-damar ugruna täsiri.
Üzärlik dünýä ýüzünde ýokary gan basyşyny bejermek üçin giňden ulanylýan ösümliklerden biridir. Edilen barlaglar netijesinde üzärlikdäki alkaloidleriň damarlary gowşadyp, rahatlandyrýandygy mälimdir. Bu alkaloidleriň başga-da dürli täsirleri sebäpli, damarlardaky gan basyşyny peseltýändigi subut edilipdir. (has içgin bolanlyklary sebäpli düşündirip içiňizi gysdyrmak islemedim, makalaň soňunda barlag işleriniň adresini berjek)
Itlerde we syçanlarda geçirilen käbir barlaglar netijesinde üzärligiň düzümindäki bu alkaloidleriň ýürek uruşyny peseldiji täsiriniň bardygy hem orta çykypdyr.

Täze damar emele gelmegini haýallatýar ýa-da duruzýar.
Hälki agzap geçen üç alkaloidymyzdan biri bolan Harmine maddasynyň täze damar emele gelmegini güýçli depginde duruzyjy täsiriniň bardygy subut edilipdir. Bu madda damar öýjükleriň köpelmeginde gerek bolan möhüm ädimleriň öňüni kesýär.
Täze damar emele gelmegi näme üçin beýle möhüm diýip bilersiňiz. Rak kesellerinde emele gelen ösüntgiler täze emele getirilen damarjyklar arkaly iýmitlenýär. Bu damarlaryň öňüni almak diýmek ösüntginiň iýmitlenip ulalmagynyň öňüni almak diýmek.

Nerw sistemasyna täsiri
Halk medisinasynda (tebipçilikde) üzärlik nerw kesellerini bejermek üçin hem ulanylypdyr. Parkinson keseli, psihiki keseller we dowamly gaharjaňlyk ýaly ýagdaýlarda ýiti agyrylary rahatlatmak maksady bilen hem ulanylypdyr. Üzärlikdäki alkaloidleriň psihoaktiw maddalardygy, ýagny adamynyň psihiki ýagdaýynda täsiriniň bardygy görülüpdir. Onuň merkezi hem çetki (periferiki) nerw ulgamyna täsiri netijesinde agyry duýmazlyk, gallusinasiýa, tolgunma, we anti-depresant netijeleri döredip bilýär.
Syçanlarda geçirilen käbir testler netijesinde harmane we harmine alkaloidleriniň anti-depresant täsiriniň güýçlidigi görülendir. Bu, geljekde bu alkaloidleriň anti-depresant derman hökmünde ulanylyp bilinjekdigini görkezýär.
Agyry aýyryjy täsiri (analgesic effect) we parkinson keseline peýdasy hem dürli barlaglar netijesinde subut edilendir.

Ýene bir alkaloid bolan dezoksipeganin-yň alkogola bolan baglylygy azaldyjy täsiriniň bardygy hem subut edilipdir. Bu alkogolly içgileri taşlamaga çalyşýan adamlara uly kömek hem bolup biler.



Antimikrobial täsiri.
Üzärligiň tohumyndan alynýan alkaloidleriň bakteriýalary, kömelekleri, protozoalary basga dürli dürli parazitleri we hatda käbir mör-möjekleri öldüriji täsiriniň bardygy hem subut edilendir. Makalanyň hakyky çeşmesinden has içgin maglumaty hem alyp bilersiňiz. Men mikroplaryň atlary bilen siziň kelläňizi agyrdyp oturmaýyn.


Ösüntgi (tumor) öňüni alyjy täsiri.
Gadym döwürlerden bäri üzärlik ösüntgilere garşy dürli şekillerde bejergi şekilinde ulanylyp gelinipdir. Mysal üçin Morokkoda owradylan üzärlik tohumy tende emele gelen ösüntgilere garşy ulanylýan eken. Üzärligiň düzümindäki harmala maddasynyň ösüntgi (rak) öýjükleriniň köpelmegine uly böwet bolýandygy, bu täze emele gelýän öýjükleri öldürýändigi hem, syçanlarda we janly haýwandan daşary ýetişdirilen ösüntgilerde edilen barlaglarda subut edilipdir.
Bu alkaloidleriň raga garşy dermanlaryň käbirlerinden has täsirlidigi hem ölçenipdir. Geljekde üzärlikden alnan dermanlar rak keseline garşy göreşde hem ulanylyp biliner.

Abort - çaga düşmesine täsiri.
Üzärlik Orta aziýada, Hindistanda, demirgazyk Afrikada abort ediji - çaga düşüriji täsiri esasynda hem ulanylypdyr. Onuň düzümindäki "Quinazoline" alkaloidi bu täsiriň esasy sebäpkäridir.

Gastrointestinal täsiri (aşgazana täsiri)
Üzärlikden alnan maddalar ýa-da owradylan tohum dünýäň dürli künjeklerinde gadymdan bäri içege sanjysyny azaltmak üçin ulanylypdyr. Içegelerdäki kalsiý kanallaryny dykyp spasm(sanjy) emele gelmeginiň öňüni alýar.

Antidiabetik täsiri.
Üzärligiň süýji keseline garşy ulanylyşy hem dünýäň dürli künjeginde duş gelýändir. Ýöne onuň artykmaç ulanylmagy netijesinde öz täsirini ýitirýändigi hem subut edilipdir. Harmine alkaloidiniň süýji keseline garşy dermanlaryñky (mysal üçin thiazolidinedione) ýaly islenilmeýän daşky täsirleri emele getirmezden peýda berýändigi hem subut edilendir.

Duýduryş
Bu makala üzärlik baradaky edilen ylmy işleri gysgaça düşündirmek üçin ýazylandyr. Lukman maslahaty bolmazdan özüňçe ulanylmagyny höweslendirmek üçin ýazylan däldir. Beýle ýagdaýda ulanylmagy zyýanlydyr. Bu ylmy işleriň aglabasy laboratoriýalarda barlanyp entäk hakyky durmuşdaky ulanyşa geçmedikleri bardyr.

Çeşme: https://www.ncbi.nlm.nih.gov/pmc/articles/PMC3841998/#!po=0.675676

--

--