Ýyldyzlaryň Reňk Synplary

Garalama
Ýolbelet
Published in
3 min readJun 19, 2021
1-nji surat. https://www.universetoday.com

Gijelerine, bize uzaklardan göz gyrpýan ýyldyzlaryň parlaklygy we reňkleri bir-birinden tapawutlanýar. Muňa sebäp bolýan esasy zat, olaryň ýaşy hem-de massasy. Ýagny gysgaça aýdylanda, bir ýyldyzyň parlaklygy, ýaşy, radiusy, gyzgynlygy we reňki bir-biri bilen özara baglanyşykly. Hat-da olary dürli aýratynlyklaryna görä synplandyrmak mümkin.

Astronomlar reňklerini /gyzgynlygyny synplandyrmak üçin 7 sany harp ulanýar. Olar O, B, A, F, G, K, M. Belli bir yzygiderligi bolmaýan bu harplary ýatda saklamak üçin “Oh Be A Fine Girl/Guy Kiss Me” ýaly söz oýunlaryna ýüz tutýanlar hem bar.

Bir synpa degişli bolan ýyldyzlaryň hemmesi şol bir mukdarda ýagty saçanok. We meňzeş ululykda-da däl. Şol sebäpli harplar-da öz içinde böleklere, bölümlere bölünýär. 0-dan başlap 9-a çenli dowam edýär. Meselem A0,A1..A9 ýa-da B0-B9 şeklinde bolýar. B9-dakylar B0-dakylara görä sowuk bolýar. Ortaça ululykda sary reňkili ýyldyzymyz Günüň spekral synpy G2.

M synpyna degişli ýyldyzlaryň üstindäki ortaça temperatura 3000 Kelvin (K*) töweregidir. Bagça aýdylanda iň sowuk ýyldyzlar bar bu klasda. Gyzyl Göýdükler we gyzyl Gigantlar, Äpetler bu synpa girizilen. Mysal üçin bir gyzyl göýdük bolan goňşy ýyldyzymyz Proxima Centauri, Içýan ýyldyz toparyndan(ý.t) Antares we Üç Ýyldyz — Orion ý.t-dan Betelgeuse ýaly ýyldyzlar bu synpda.

Bir ýyldyz diňe bir reňkde şöhle saçmaz. Ýagny, ýagtylygy her frekansda(ýa-da tolkun uzynlygynda) bolup biler. Radio, Infragyzyl, Optik, Ultramelewşe…Möhüm bolan, iň köp haýsy aralyklarda ýagtylyk saçýanlygy. Meselem M synpyndaky ýyldyzlaryň ýagtylyk tolkunlary gyzyl reňke gabat gelýar. Şol sebäpli gyzyl reňk bilen görkezilýär. Aslynda reňkleri gyzylymtylrak.

2-nji surat. Betelgeuse. http://aladin.u-strasbg.fr

K synpyna geldik. Gyzgynlyk artdy. Ortaça 3500 K — 5000 K töweregine çykdy. Reňkleri-de gyzyldan mämişä geçdi. Arcturus we Aldebaran bu K synpyna degişli ýyldyzlar.

3-nji surat. Aldebaran. http://aladin.u-strasbg.fr

G. Güneş we onuň ýaly ömrüniň ortasynda (esasan+ meňzeşiräk ölçeglerde ) bolan ýyldyzlar girizilen bu topara. Üstündäki temperaturalary ortaça 5000-6000 K töweregi boýar. Reňkleri-de sary. Günüň bu topara degişlidigini ýokarda gürleşipdik.

F toparyndaky agzalaryň üstündäki temperatura ortaça 6000 K — 8000 K. We reňkleri sarymtyl — ak. Canopus ve Procyon F synpyndan.

4-nji surat. Procyon. http://aladin.u-strasbg.fr

A klasynda gyzgynlyk 10 000 K töweregi. Bärde kimler bar? Ýaldyrak ýa-da başgaça ady bilen Sirius we Wega bar. Reňkleri ak, ak-mawy.

5-nji surat. Sirius. http://aladin.u-strasbg.fr

O,B bu toparda ýaş** hem aşa gyzgyn ýyldyzlar bar. Iň başdaky M toparynda temp 3000K , reňk gyzyldy. Bärde bolsa temp 40 000 K töweregine çykdy. Reňk mawy, melewşe(O). Spika we Rigel bu synpdaky ýyldyzlara mysal.

6-njy surat. Orion-yň kemeri Çepden saga Alnitak, Alnilam we Mintaka . http://aladin.u-strasbg.fr

* Kelvin: Santigradus (°C) ýa-da Fahrenheit ýaly(°F) Temperaturanyň ölçeg birliklerinden biri. K bilen görkezilýär. minusa geçmez. 0-dan başlar. 0 K , -273.15 °C deň.

**Ýaş bolmaýanlaram bar. Ýöne olar häzirlikçe möhüm däl.

Gökyüzünü Tanıyalım, 2018. Tübitak Popüler Bilim Kitapları 47. Mehmet Emin Özel, A. Talat Saygaç. ISBN 978–975–403–072–3. s:29

Astronomiýa. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby, 2007. H. Meläýew, G. Gurbandurdyýew, H. Hydyrow. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. sahypa 127

--

--