CRISPR - asyryň açyşy.

Galamkesh
Ýolbelet
Published in
2 min readMar 23, 2020

CRISPR metody(tehnikasy) alymlar arasynda soňky ýyllaryň iň meşhur metodlaryň biri. Ol genetika inženerliginiň täzeden gözden geçirilmegine sebäp boljak tehnologiýa. Ýöne CRISPR-yň nämedigini düşündirmezden öň biraz genetiki inženerlik barada birzatlar aýdaly.

Öýjüklerimizde ýerleşýän we durmuş funksiýalarymyzy ýerine ýetirmegimiziň düýp düzgünnamasyny öz içinde saklaýan, inçejik molekulalara gen diýilýär. Bu maglumatlaryň hromozomlarda ýagny birleşen genlerde saklanýandygynyň üsti açylany bäri adamlar ol maglumatlary okap düşünmegiň ugruna çykdylar. Elbetde durmuşyň syrly kodlaryny okamaga çalyşmak adamzat üçin üýtgeşik hem gyzykly ýolagçylyk boljakdy. Hemme jandaryň öýjüklerinde ýerleşen bu beýik kitaphananyň açary adamynyň eline düşdi. Eýtdi-beýtdi kitaplaryň içindäki harplary hem birnäçe ýylyň içinde çözmegi başardy. Gyzykly taraby bu ägirt umumy kitaphana dört sanjak harpdan emele gelýärdi. Ýöne iň bir ýönekeý jandaryň içinde ýerleşen maglumat hem şeýle çylşyrymlydy. Adamlar elbetde ony okamagyň hem bir ugruny tapdy. Her kitaby, kitaphanadan sogrup aýryp gördi-de jandarlarda bolýan üýtgeşmeleri synlady. Şeýlelikde haýsy geniň(kitapjygyň) haýsy funksiýa barada jogapkärdigi belli boldy.

Adamzadyň gözüniň doýmaýandygyny hemmämiz bilýäris ahyry. Ýaňky maglumatlara eýe bolan adamzat bu maglumatlary üýtgetmegiň küýüne düşdi. Bir jandaryň kitaphanasyndan, bir kitapjyk ogurlap başga jandaryň kitaphanasyna salmagy hem başardylar. Ýöne bu kitaphanalara täsir etmek juda kyndy. Olara täsir etmek baradaky ylma GENETIKA INŽENERLIGI diýlip at berildi we bu 60-70 ýyl dowamynda dürli tehnikalar oýlap tapyldy. Ýöne näçe tehnikalar össe-de, CRISPR-dan öň bu üýtgeşmeleri etmek juda kyn we gymmat düşýärdi. Adamlar bu owunjak ululykda ýöne ägirt maglumata eýe bolan kitaphanany her gezek ýekeje kitap üýtgetmek üçin hem bolsa başdan aýak agdar düňder etmeli bolýardy. Diýeli almanyň kitaphanasyndan almanyň ysy baradaky kitaby almak islediňiz, bütin kitaplary kitaphanadan(almanyň öýjüginden çykarmaly), soňam diňe şol kitapjygy saýlap, başga jandaryň kitaphanasyna salmak üçin kitaby daşyndan oklap göýbermelidiňiz. Bu ýagdaý bir kitaby penjireden zyňyp içeri salyp onuň okalmagyna garaşmak bilen deňdi. Ýaňky almanyň ysy kitabyny alyp banan kitaphanasynyň penjiresinden salaýanyňyzda da onuň tekjä ýerleşip funksiýasyny ýerine ýetirme mümkinçiligi juda kyndy.

CRISPR metody biz üçin daşyndan ylalaşylan kitaphanaçy bolup hyzmat etdi. Alymlar ony ýuwaşlyk bilen gulagyna pyşyrdap penjira gelmegini haýyş etdi. Şeýlelikde "alma ysy" kitapjygyny, banan kitaphanasyna salyp ony "banan ysy" kitapjygyň ýerine bildirmänjik çalşyp gaýtýar. Hemme kitaby dogry okap işleýän banan tohumy, ysly tekjä gelende özüniňkidir öýdüp alma okap alma ysyny çykaryp bilýär.

Eziz okyjylar bärdäki alma we banan, gen häsiýetleriniň aňsat düşünilmegi üçin ýönekeýje bir meňzetme. Ysa jogapkär kitaplar birden köp hem bolup bilýär. Bärde umuman aýtmak isleýän zadym, adamlar jandarlaryň ýaşaýyş maglumatyny üýtgetme ýolunda uly ädim ätdi. Elbetde biz munuň genetiki keselleri düzeltmek üçin ulanyljagy barada umyt edýäris. Belki tötänleýin ýalňyş ýazylan kitapjyklary düzeltmek üçin CRISPR kiraphanaçymyzy ulanyp bileris. Ýöne käbir bilesigeliji alymlar kitaphanalary birbirine garyşdyryp görmek üçin hem ulanyp biler. Täze dogjak çagalaryň göz, saç reňki, we başga kiçirak belkem uly häsiýetlerini üýtgetjek kitapjyklary çalşyp bilerler.

Bu uly açyşyň näme üçin ulanyljagyny bilemzok, ýöne öwrensek özümiz gowy taraba ulanyp bileris. Sabyr edip okanyňyz üçin sagboluň.

--

--