Günüň Ewolusiýasy

Garalama
Ýolbelet
Published in
3 min readDec 20, 2021

Bu ýazgynyň dowamynda, Gün we ululygy boýunça Güne meňzeş ýyldyzlaryň ömürleri boýunça geçyän ýollary barada başardygymdan gürrüň bermekçi.

Gysgaça

Gün, mundan 4.5–5 milliard ýyl öň emele geldi. Häzir ömrüniň ortasynda, sagdyn. Ömrüniň soňunda çişip giňär. Soň daşky gatlagy, gabygy Planetar Nebula, merkezi-de Ak Karlige öwrüler. We ýuwaş-ýuwaş sowar.

Çeşme: https://static.sciencelearn.org.nz

Emele Gelşi

Ýyldyzlaryň emele gelşine, ýaşaýşyna we ölümlerine ýakyndan täsir edýän iki esasy fiziki ululyk bar. Birinjisi Grawitasiýa, ikinjisi Basyş. Dartyş güýji, Ýyldyzlaryň emele gelmegi üçin gerek bolan maddanyň bir merkezde toplanmagyna sebäp bolýan güýç. Basyş bolsa o merkeze jemlenýän maddany merkezden daşaryk itýän güýç. Ilki başda madda, Grawitasiýanyň täsiri bilen bir merkezde jemlenmäge başlaýar. Gerek bolan şertler ýerine ýetende o toplanan maddanyň merkezinde termoýadro reaksiýasy başlaýar. Şeýlelik bilenem täze bir ýyldyz dogulýar.

Ýyldyzlar, ýyldyzara gaz we tozan bulutlarynda(n) dogulýar. Ýagny, Älem boşlugynda, ýyldyzlaryň emele gelip biljek belli ýerleri bar. Emele geliş prosesi-de aşakdaky ýaly bolýar.

Bir Ýyldyzyň emele gelşi

Deňagramlylyk, Grawitasiýa vs Basyş

Deňagramlylyk. Eger Grawitasiýa üstün gelse bar madda bir ýere jemlener. Basyş üstün bolsa hiç hili madda ýygnanman dagamak bilen bolar. Şonuň üçin bu güýç, belli bir ýerde, Deňagramlylykda bolmaly. We boşlukda bu güýçleriň deňagramlylygyny sazlaýan, iň ideal, simetriýa eýe bolan şekil-de şar şekli. Elbetde öz oklarynyň daşyndan aýlanma tizligine görä şekilleri üýtgäp biler. Aýlanma tizlik artdygyça ekwatorlaryndan giňäp başlar. Ýokardaky parameterlerdäki üytgeşmeler-de deňagramlylygyň bozulmagyna sebäp bolup biler. Ýöne biz häzirlikçe Ýyldyz doglanyndan başlap ömrüniň soňky bölegine çenli Deňagramda bolýar diýip kabul edeliň. Gysgaça, Wodorod gutarýança has dogrusy ýadrolaryndaky wodorod reaksiýasy gutarýança ýyldyza degişli parametrler özara deňagramda bolýar. Ondan soň Wodorod reaksiýasy gutaranyndan soň Grawitasiýa bilen Basyşyň arasyndaky balans bozulmaga başlaýar.

HR Diagrammasy

Termoýadro reaksiýasy bilen Wodorody Geliýä öwürmäge başlasa, täze bir ýyldyz doguldy diýmekdir. Ýyldyzymyz Günde 4.5–5 milliard ýyldan bäri şeýle reaksiýa dowam edýär. Ýene şonçarak wagt şeýle dowam eder. Bu ýyldyzlaryň ömrüniň sagdyn döwrüdir. Bu döwri aşakdaky diagrammada, çep ýokarky burçdan sag aşaky burça giden diagonal(da) bilen görkezilýär. Ýyldyzlaryň aglabasy ömürleriniň agramly bölegini şunuň ýaly geçirýärler.

Bu diagramma Ýyldyzlara degişli bir näçe parameteri özünde jemleýär. Ady, ony döreden alymlaryň atlarynyň ilkinji harplary HR Diagrammasy. Iň aşakda, ýyldyzlaryň üstündäki Temperatura Birligi Kelvin. Onuň ýokarsynda ýyldyzlaryň reňk synpyny (Spectral class-y )görýäs. 7 sany harp biler görkezilen. O, B, A, F, G, K, M. Gyzgynlyk çepden saga, gökden gyzyla azalýar. O, B, A reňk synpyndaky ýyldyzlaryň üstündäki gyzgynlyk aşa ýokary bolýar. Şonuň üçin ak-mawy reňklerde şöhle saçýarlar. F, G synpyndaky ýyldyzlar Gün we ululygy, reňki güne meňzeş ýyldyzlar. Ak-sary reňklerde şöhle saçýarlar. Çep tarapdan sag taraba gitdigiçe ýyldyzlaryň üstündäki temp-de azalýar. K, M synpyndaky ýyldyzlaryň gyzylymtyl-sary reňkler bilen görkezilýär. Reňk synplaryny görkezýän her bir harplar öz içlerinde-de bölünýär. O5-den başlap O9-a çenli, soňky klaslar B0-B9, A0-A9, F0-F9… görnüşinde M8-e çenli dowam edýär. Iň gyzgyn ýyldyzlaryň O1-den däl-de O5-den başlaýanlygynyň sebäbi, häzire çenli açylmadyk ýyldyzlar üçin (ähtimal) boş ýer galdyrylylanlygy. Ýokardaky suratyň çep tarapynda ýyldyzlaryň ýagtylandyryş Güýji görkezilýär. Soň, ýyldyzlaryň radiusyny görkezmek üçin ulanylýan çyzgylar bar. Oňun kömegi bilen degişli ýyldyzyň ululygyny, göwrümini bilip bilýäs. Ölçeglerde Gün referans alnyp, 1 kabul edilýär.

Ýyldyz main sequencede wagty, Wodorodyň belli bir mukdaryny reaksiýa girýär(~10%). Soň, gezek Geliýä gelýär. Ýadrodaky temp 100 mln K ýetip, Geliý reaksiýasy başlaýar. Bu prosesde ýyldyzyň içki bölegi gysylyp, daşky gatlaklary giňemäge başlaýar. Bir tarapdan, gysylýan merkezdäki dykyzlyk we temp artýar, beýleki tarapdan giňeýän gaz barha sowaýar. Ýyldyzyň ýüzi, üsti sowadygyça saçýan şöhlesi-da gyzylgylt bolmaga başlaýar. Şeýle ýyldyzlara Gyzyl Äpetler (Red Giants) diýilýär. Ýyldyz, gysga wagtyň içinde(kosmik ölçegde), merkezi öz içine gysylyp Ak Karlik, daşgy gatlagy bolsa Älem giňişligine dargap Planetar Nebula öwrülýär. Meselem, Helix Nebula-da olardan biri.

Helix Nebula. Başga reňklerdäki tapawutly suratlara duş gelmek mümkin. Sebäbi her suratçynyň reňklendirşi başgaça. Bu WikiImages -iň taýýarlany.

Ak Karlikler | White Dwarfs

Umuman, Gün we Gün ýaly ýyldyzlara ömrüniň soňunda ýokardaky suratdaka meňzeş ýagdaý garaşýar. Daşky gabyk Äleme saçylyp, merkezde kiçijek, dykyz, gyzgyn we beter ýagty bolmaýan ýyldyz galýar. Aslynda ýyldyz diýmegem dogry däl. Ýyldyz mazarlygynda ýuwaş-ýuwaş sowap, gözden ýitjek asman jisimleri. Ak Karlikleri HRD çep aşaky burçda görkezilýär. Hem göwrümleri kiçi hem-de az şöhle saçýarlar.

Gyş möwsümi ýyldyzlaryndan bolan Ýaldyragyň(Sirius A) ýoldaşy-da bir Ak Karlik. Dury howaly gijelerine Sirius belli bolýar. Ýöne sada göz bilen Sirius B-ni saýgarmak kyn.

Çepdäki Sirius A sagdaky Sirius B.

Günüň ömür ýolunyň HRD-de görkezilşi

Gaz we tozan bulutlarynyň bir ýerde jemlenip, onuňam merkezinde reaksiýa başlaýança-da 10 millionlarça ýyl gerek. Ondan soň uzak wagt Main Sequence-de bolýar. Soň Gyzyl Äpet döwri. Yz ýany bilenem gabygyň Planetar Nebula, merkeziň Ak Karlige öwrülişi.

Çeşmeler.

  1. Astronomiýa. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby, 2007. H. Meläýew, G. Gurbandurdyýew, H. Hydyrow. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. sahypa ,
  2. Gökyüzünü Tanıyalım, 2018. Tübitak Popüler Bilim Kitapları 47. Mehmet Emin Özel, A. Talat Saygaç. ISBN 978–975–403–072–3. s:28.31,33

--

--