Sen Mugallymym!

Myrat Nesirov
Ýolbelet
Published in
Oct 14, 2020

Bir wagtky line postlaryny dörüp otyrkam şu ýazgyny tapdym:

Sen mugallymym!

Ýüregiñi haýsy ataşyñ alawynda ýakdyñ-da, dost bolduñ parlak we nurly ýyldyzlara? Okuwçylaryñ aladasy bilen ukusyz galan gijeleriñde haýsy söwdanyñ nagmasy bilen teselli etdiñ ýüregiñi? Gözýaşlaryñdymy suwlan ol ýaşajyk söygi nahallaryny? Bulutlaryñ hem kämahal husytlyk eden möwsümlimlerinde, köñül jülgeleriñdäki ab-y haýat çeşmeleri kim biler nähili joşgunlyk bilen çaglaýardy. Suwy çekilen guýylara göz edip, köñlüñ suwa hesret niçeme teşne dodaklary gandyrýardy.
Bahar möwsüminiñ parahat gijelerinde süýnen ýyldyzlary ýygnap birin-birin, daksam döşüñe gahrymanlyk nyşanydyr diýip... Ýene, seniñ beýikligiñi hakyky manysy bilen görkezmekden juda ýöntem galar, bilýän...
Bilýän, ähmiýet bermezsiñ sen döşüñdäki ýyldyzlara. Okuwçylaryñ köñül dünýäsinde ýanan bolsa bir nurly şem we ýagtyldýan bolsa olaryñ geljege uzaýan müñ öwrümli ýollaryny, ynha iñ uly bagtyýarlyk şu bolsa gerek seniñ üçin.
Ýyldyzyñ we ýürekde ýakan, ýüreklere şuglasyny çaýýan şemleriñ kän bolsun mugallymym...
Gün geler, ýüreklerde ýakan şol şemleriñ her biri, geljegimizi ýagtyltjak wepaly yşygymyz bolar. Ne gökdäki ýarymaý, ne-de ýedi ýyldyzly Ýedigen... Diñe ýüreklerde ýakylan şemler...

Ýogsa-da, "Ussam, armaweri!"

- "Ruhubelentlik Kyssalary"

Eger şu kitap kimde bar bolsa habarlaşyp bilersiñizmi? Sag boluñ köp!

--

--

Myrat Nesirov
Ýolbelet

Salam. Men Myrat Nesirov. Inžner ýöne ýazmagy halaýanlaryndan