Umman Gary (Marine Snow)

Galamkesh
Ýolbelet
Published in
3 min readMay 28, 2021

Geliň bügün tebigatyň iň geň hemem kän bir bilinmeýän wakalaryndan biri barada gürrüň edeliň. Bu wakanyň ady iňlisçede Marine Snow ýagny Umman Gary diýip agzalýar.

Bilşiňiz ýaly ýer ýüzündäki ähli ýaşaýyş öz energiýa çeşmesini gönümel ýa-da aýlawly hem bolsa Günden alýar. Ösümlikler günden gelýän energiýany iýmite öwürýär, haýwanlaram ösümlikleri, mikroplar bolsa hem ösümlikleriň hemem haýwanlaryň galyndylaryny iýip döwran sürýärler. Bu ýagdaý ummanlarda hem kän bir tapawutly däl. Düýp düşünje meňzeş, ýöne içgin seretseňiz wakalar ýer ýüzünde bolşy ýaly täsin hatda belkem has täsin hem hasaplap bilersiňiz.

Gün şöhlesiniň umman içre ýetip bilýän bölegine fotik zona diýilýär. Bu gurşaw ummanyň 200 metr çuňlugyna çenli ýetip bilýär. Gün şöhlesi mundan beter aşak gidip bilenok. Beýle ýagdaýda ummanyň birnäçe kilometre barabar çuňluklaryndaky jandarlar nädip ýaşaýyşlaryny dowam etdirýärler? Olara iýmitleri nädip ýetirilýär?
Ine şu soraglarymyzyň esasy jogaby şu gezekki makalamyzyň temasy bolup durýar. Fotik zonada ýaşaýan fitoplanktonlar diýilýän jandarjyklar bar. Bu jandarlar gün energiýasyndan peýdalanyp fotosintez hadysasyny geçirip ýaşaýarlar. Hatda ownujak göwrejiklerine garamazdan fitoplanktonlar ägirt ösümliklerden kem galman, atmosferadaky kislorodyň ýarysyny öndürmäge-de goşant goşýalar. Garaz fitoplanktonlar diňe bir umman ýaşaýyşy üçin däl, biz üçinem juda möhüm işi ýerine ýetirýär. Bu fitoplanktonlaryň umman gary bilen näme baglanşygy bar diýýansiňizdir. Geliň indi makalaň gyzykly ýerine geleliň.

Bu fitoplanktonlar ölen wagty töwerekdäki beýleki uly balyklardan galan nejasatlara, bu balyklaryň dargadylan jesetlerine ýelmeşip ummanyň düýbüne çökmek bilen bolýarlar. Bu çöküş ýagdaýy, bu kiçijek bölejikler ummanyň düýbüne ýetýänçä hepdeläp dowam edip bilýär. Ululygy ýarym millimetr we birnäçe santimetr arasynda üýtgäp durýan bu bölejikler çökenlerinde gyş aýlarynda ýagýan gary ýatladýarlar. Şu sebäpli hem olara umman gary diýilýär. Umman gary bu uzak ýolagçylyga çykan wagty elleri boş gitmeýärler. Atmosferadaky kömürturşy gazy tolkunlar we başga dürli tebigy hadysalar arkaly suwda ereýär. Umman gary bu kömürturşy gazyny atmosfera yzyna çykyp ýetişmäkä özüne baglap alýar we bilelikde çökýär. Şeýlelikde hem atmosferadaky kömürturşy gazyny azaltdygy bolýar, hemem ummanyň tümlüklerinde ýaşaýan jandarlara iýmitlik ähmiýeti juda möhüm bolan uglerody eltip berýär. Ýagny diri wagty kislorod öndürmäne peýdasy degen fitoplanktonlar ölensoňam peýdalaryny ýetirmekden gaça duranoklar we kömürturşy gazyny azaltmaga uly kömek edýärler.

Umman gary diňe bir fitoplankton bilen nejasatdan ybarat hem däl. Tupanlar we tüweleýler arkaly çölden getirilen minerala baý çägedir gum bölejikleri hem ummana garylýar. Çöldäki çägeliklerde daşlardan ýa-da öňki ýaşap geçen jandarlaryň galyndylaryndan gelýän minerallar saklanýar. Bu minerallaryň güýçli şemallar arkaly ummanlara garylmagy bu ummanda ýaşaýan jandarlaryň iýmitlenmegi üçin juda möhüm. Ummanyň ýüzleý ýerlerine garylanyna görä düýbüne-de ýetireli diýýär-de umman gary bu çäge bölejiklerini hem öz ýany bilen alyp gidýär.

Şeýlelikde ummanyň müňlerçe metr çuňlugynda, tümlügiň içinde gezip ýören jandarlara, howadan, müňlerçe kilometr uzakda ýerleşýän çöllerden we ýene-ýene ençe ýerlerden iýmit gelýär. Bu jandarlar uzaklardan gelen umman garyndan hezil edip iýmitlenýärler. Hatda epesli artýaram. Umman gary bilen getirilen uglerod ýyllar boýy basyşyň netijesinde gatap daşlaşypdyr we ägirt hek we beýleki uglerod daşlaryny emele getiripdir. Bu daşlar şuwagt umman zemininiň üç milliard kilometr kwadrat meýdanyny tutýar. We käbir nokatlarynda bolsa ýüzlerçe metr galyňlyga ýetýär.

Ummanlar bu we beýleki prosessler arkaly, biziň çykarýan kömürturşy gazymyzyň dörtden bir bölegini, Ýeriň artykmaç gyzgynlygynyň bolsa 90 göterimini öz içine sorýar. Ýöne insoňy sorýala diýip kömürturşy çykaryp gidip oturmak dogry däl. Sebäbi atmosferada kömürturşy köpeldigiçe umman suwunda ereýän kömürturşy mukdary hem köpelýär. Bu ýagdaý suwuň kislota derejesini hasam güýçlendirýär. Has kislotaly suwda kömürturşynyň umman garyna ýelmeşmegi kynlaşýar. Üstesine-de kislotanyň ýokarlanmagy planktonlaryň ýaşaýyşyna-da erbet täsir edýär.

Gysgaça aýdanymyzda biz, ummanyň biz edýän ägirt peýdasynyň öňünde böwet bolýarys. Bu bolsa aýlanyp dolanyp ýene biziň ýaşaýyşymyza zeper ýetirýär.

--

--