Yolbelet.org näme? Täzemi ýa könemi?

Galamkesh
Ýolbelet
Published in
2 min readDec 6, 2020

Yolbelet.org meýletinler maşgalasy bilen tanyşlygymdan soň bir zada syn etdim. Gelen netijämem ýazman oturup bilmän şu ýazgy çykdy.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly entäk mekdep, uniwersitet ýaly bilim ojaklary adamzadyň durmuşynda ýok wagty adamlar birazajyk üýtgeşik usulda bilim alýardylar. Bilesigelijiligiň toruna düşen adam öwrenmek üçin özüne halypa gözläp tapmaly, hemem şonuň yzynda sergezdan bolmaly bolýardy. Gözlenýän halypalar talap edilýän ugruň ussady bolup, şägirdiň geçmeli ýollaryndan öň geçip gören adam bolýardy. Köp halatlarda bu halypalaryň şägirt(okuwçy) sany az bolanlygy sebäpli maglumatyň geçişi örän täsirli, güýçli bolýardy. Bu azlyk şägirdiň islegine görä bilim bermek babatynda-da halypalara ýeňillik döredýärdi.

Bilimiň hyrydarynyň artmagy bilen şägirt sany köpeldi. Şeýlelikde bilim ojaga eýe bolup, medreseler, mekdepler, uniwersitetler emele geldi. Bu san köplügi bilim ojaklaryny bir düzgüne tabyn bolmaga zorlady. Şeýlelikde her ojagyň öz kabul ediş, ýagdaý barlagy ýaly synag sistemalary emele geldi. Bu düzgün bilim ugurlarynyň toparlaşmagyny we her ugur üçin, okuwçy däl-de sistema tarapyndan saýlanan ders meýilnamasynyň emele gelmegini netije berdi. Şeýlelikde okuwçynyň hem ugur bilen hemem halypa bilen arasyndaky bagyň has gowşamagyna sebäp boldy.

Yolbelet.org meýletinleri bilen tanyşan badyma öňki halypa-şägirt sistemasynyň modern görnüşi janlanýarmy diýen sorag kelläme geldi. Bu platformada öz ugurlary boýunça belli ýoly geçen, ýola belet bolan ýolbeletler öz islegleri bilen (meýletin) hiç bir töleg talap etmezden ýol görkezmegiň ugruna çykypdyrlar. "Ýok men sapagymy tölegli berjek" diýýän halypalarada gapylaryny ýapman olarada törlerinde ýer aýyrypdyrlar. Web sahypasynyň halypa-şägirt duşuşdyrma hyzmaty mugt hem bolsa wideo sapaklaryny tölegli bermek isleýänler hem goşulyp beýan edip bilýärler.

"Bizä kösendik, bizden soňkular bir kösenmesin" düşünjesine eýe bolan adamlaryň hemmesi gelip öz geçen ýollaryndaky böwetler, çarkandaklar, kynçylyklar barada maglumat berip bilerler. Şeýlelikde indiki ýetişip gelýän ýaşlarymyzyň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň hatda bilesigelijiligini diri saklayan ulylarymyzyň hem bilim ýoly has aýdyň, has tekiz bolar.

Yolbelet.org özi täze bolsa-da naýbaşy köne hatda gadymy bir platforma. Meniň pikirimçe bu görnüş platformalar köne tohumyň modern döwürde şinelemegi.

--

--