reňkli poçta #2

Batyr Berdiyev
reňkli+
Published in
Sent as a

Newsletter

3 min readFeb 20, 2023

--

Hepdelik iberilmäge niýetlenen, ýöne maglumat gurşawymyz adatdan daşary ýagdaýa degişli habarlardan doly bolany üçin bir hepde gijä galan reňkli poçtanyň nobatdaky sanyna hoş geldiňiz!

Redaktor hökmünde şu poçtany “Cigarrettes After Sex” toparynyň “Touch” aýdymyny diňläp otyrkam ýazýaryn. Özüm üçin bu topary açanyma köp wagt bolmady; birnäçe aý belki. Näme üçin şeýle gijä galanyma özüm hem düşünemok.

Iki hepdäniň dowamynda kino, aýdym-saz we degişli ugurlarda näme görendigimi, näme diňländigimi paýlaşasym gelýär. Gaýtaladyp-gaýtaladyp diňlän aýdym sanawymyň başyny türkmenistanly döredijiler LIDQID we LUVERA-nyň bilelikde çykaran “Нет Контроля” aýdymy çekýär. Bu döredijilik eseriniň ýa-da döredijilik eksperimentiniň üns berilmeli iki aýratynlygy bar. Olardan birinjisi ýurduň aýdym-saz industriýasynda rok žanrynda eserleriň döremegidir. “Däliň bellän” trepiniň ýa-da “Jony stil” aýdymlaryň arasynda şeýle döredijilik eksperimentleri meň-ä gözüme yssy görünýär. Ikinjisi bolsa LIDQID-iň döremegi. Tapawutly žanrlary barlap görmelidigine ynanýan, barlap görmegi başarýan aýdymçylar, gynansakda, ýerli aýdym-saz industriýasynda uzaga gidenok; ýa başga žanra geçýärler, ýa-da goýbolsun edýärler. LIDQID uzaga gider diýip umyt edýän. LUVERA-ny bolsa köpden bäri yzarlap gelýän; hem öz aýdymlaryny, hem duetlerini, hem cover aýdymlaryny. Belki gelejekde LUVERA barada has giňişleýin ýazaryn.

Diňlänlerimiň arasynda Abdy Daýyny hem böküp geçip bolmaz. Daýyň eserlerini belli bir yzygiderlikde däl-de, garym-gatym diňledim. Geçen ýylyň Dekabr aýynda 54 albomyny çykarandan soň şeýle ýazypdyryn:

Abdy Daýyň 54-ni diňledim. Näme-de bolsa “albom” (ýöne albom däl-de EP ýaly) görnüşinde çykarmak netijesine gelipdir; bu gowy. Ýene bir nüans, Daýy bu albomy muşdaklary üçin däl-de, eýsem özi üçin çykaran ýaly; ýagny özüniň kimdigini özüne ýatlatmak üçin. Sebäbi öz ukyplaryňy aram-aram özüňe subut edip durmasaň ýola dowam etmek kynlaşyp bilýär. Meň pikirimçe bu albom diňe bir ýagdaýda gymmat gazanar we Daýyň karýerasy üçin esasy “milestone” bolup görler, haçanda Daýy diňleýjisi bilen gatnaşygyny we döredijiligini ýygylaşdyrsa. Şeýle eden ýagdaýynda “54” albomy Daýy üçin täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýatlanar. Eger muny etmese diňe eksperiment hökmünde galar.

Garaz, 54 barada we Daýyň döredijiligi barada özi bilen belki bir gün gürrüňdeş bolmak nesip eder; etmeli işlerimiň arasynda dur.

Gören kinolarymyň arasynda bolsa ssenariýsi Jona Hill we Kenýa Barris tarapyndan ýazylan “Nähili adamlaraý?!” (eng: “You People”) filmi barada durup geçmekçi. Film biri-birine aşyk bolan akýagyz ýewreý maşgalasynyň ogly Ezranyň we garaýagyz musulman maşgaladan bolan Amiranyň arasyndaky gatnaşygy ele alýar. Kinonyň ilkinji sahnasyndan başlap eýýäm ne Ezranyň, ne-de Amiranyň maşgalalarynyň ähmiýet berýän gymmatlyklaryna kän bir üns bermeýändiklerini görmek bolýar. Medeniýet gapma-garşylyklary bilen üsti ýetirilen bu filmde gggaty kän mowzuga ýüzleý degilýär; Amerikadaky garaýagyzlaryň ýagdaýy, ýewreýleriň jemgyýetdäki roly, pul getirýän iş bilen döredijiligiň arasyndaky düşnüksizlik, politkorrekt bolmak..

Film komediýa žanryna girse-de, dogrusy, jemgyýetçilik meselelerine çendenaşa girýändigi üçin komediýany doly duýup bolanok. “Çüýrük pomidorlar” saýtyndaky teswirler hem muny goldaýar.

Soňky poçtamyzdan bäri reňkli+ üç makala paýlaşdy.

Aziýalylaryň Oskary we garaşylmadyk dalaşgärler

Taryhda ilkinji gezek 4 aziýaly artist Oskara dalaşgär görkezildi. Olaryň 3-si — Mişell Ýeo, Ke Kwa Jonatan, Stefani Hsu bolup, “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filminiň artistleridir. Beýlekisi-de “Kit” filmindäki keşbi üçin dalaşgär görkezilen Hong Çau boldy. Bu ýylky aktýorçylyk ugurlarynyň dalaşgärleriniň käbirlerine bolsa düýbünden garaşylanokdy.

Bu makalada Ussa Hajyýew 95-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärlerini seljerýär. Awtor dalaşgär görkezilenleriň arasynda garaşylmadyklaryň bolşy ýaly, garaşylýanlaryň ýoklugyna ünsi çekmek bilen, haýsy dalaşgäriň Oskar baýragyny aljakdygy barada öz pikirlerini paýlaşýar.

Kolumbyň gämisinden “Vogue” žurnalynyň ýalpyldawuk sahypalaryna — jinsiň bütindünýä syýahaty

Gündelik durmuşymyzda ulanýan top-3 eginbaşlarymyzyň arasynda ilki bilen kellämize gelýäni jins bolsa gerek. Hem erkekleriň, hem aýallaryň geýim şkafyny şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Amerikada XVII asyryň ahyrlaryna Kaliforniýada meşhur “Altyn howsalasynyň” başlamagy bilen, bu ýere 1853-nji ýylda bagtyny synamak üçin belgiýaly Lewi Straus hem göçüp gelýär, Levi’s brendiniň esaslandyryjysy.

Awtor bu makalada sungatyň, senagatyň we adamlaryň ýaşaýyş stiliniň modanyň kämilleşmegine näderejede täsir edýändigini seljerip, jinsiň iş eşigi bolmakdan nädip moda elementine öwrülendigini barada ýazýar.

“Eje, men sekta girdim” — ýa-da Gündogar medeniýetiniň amerikan hip-hopyna täsiri

Baýram bu makalada hem arkamyzy Gündogar Aziýa diräp, Günbatar barada gürrüň edýär, ýöne azajyk bärräkden, ýagny Koreýadan däl-de, Hytaýdan başlaýar.

“Wu Tang Clan”-yň bary-ýogy ýedi sany doly studio albomlary bar. Toparyň hem-de onuň agzalarynyň aýdymlary esasy köçe durmuşy we olaryň öňe sürýän pelsepeleri baradadyr. Topar adyny, şol wagtlar hemme ýerde trend bolan kung-fu we gündogar göreş sungaty barada düşürilen “Shaolin and Wu Tang” filmden alýar.

Hormatly okyjy!

Eger biziň alyp barýan işimize kömegiňiz degmegini isleseňiz, şu poçtany tanyş-bilişleriňize gönükdirseňiz ýerine düşer.

Nobatdaky poçtamyzy “Nähili adamlaraý?!” filmindäki şu dialog bilen tamamlamakçy:

Akbar: “Amira maňa seň podkäste başlamak üçin finans işiňi taşlandygyňy aýtdy?!”

Ezra: “Durmuş gysga, arzuwlaryň yzyndan gitmeli.”

Akbar: “Arzuwlaň yzyndan gidýän wagtyň meň gyzymy nädip eklemegi göz öňünde tutýaň?”

--

--