reňkli poçta #3

Batyr Berdiyev
reňkli+
Published in
Sent as a

Newsletter

3 min readMar 20, 2023

--

Salam! Gowumy ýagdaýlaryň?

Eýýäm üçünji poçtamyzy hem sypdyrman okaýanyň üçin indi biri-birimize “siz” däl-de “sen” diýip ýüzlenip hem başlasak hem bolar diýip pikir edýän.

Soňky poçtamyzy ýazanyma bir aý wagt geçipdir; az wagt däl. Arasynda ýazmak üçin birnäçe temaň üstünden bardym, ýöne güzerän meselesi bilen pikirlerimi size ýetirip bilmedim. Şeýle pikirleriň biri Sapar Berdiýew ýa-da başgaça ady bilen b’cave barada. Sapar barada men ilkinji gezek “Gümür-ýamyr” podkästinde eşitdim. Görüp otursam, soňky iküç ýylyň içinde hem takside, hem internetde ýaýran “Gaýtala” we “Suw sep” ýaly aýdymlarynyň prodýuseri bolup çykdy. Aslynda biz Sapar bilen tötänlikden tanşypdyrsam. 30-njy mikroraýonyň ortarasyndaky dermanhanaň öňünde Erkin bilen bir mesele boýunça gabatlaşmaly bolanymyzda meni Sapar atly biri bilen tanyşdyrypdy. Şo Sapar şu Sapar eken.

Bu tanyşlygyň üstünden wagt geçdi. Instagramdan followlaşdyk, edýän işlerini ýakyndan yzarlamaga başladym. Ýanwaryň aýagyna Saparyň dolulygyna özüne degişli täze “I did it” aýdymyny öz ady bilen çykarjakdygynyň bildirişine gabat geldim. Takmynan 20 gün soň, bu aýdym wideosy bilen bilelikde paýlaşylmaga başlandy. Dogrumy aýtsam, birinji gezek diňlänimden soň sözleriniň ýarysyna zordan düşündim. “Mumble rap”-iň tebigaty şeýle diýýän bolmagyňyz mümkin, ýöne pursatdan peýdalanyp, “mumble rap”-i halamaýandygymy hem aýdyp galaýyn. Seni-hä biljek däl, ýöne meň özüm-ä, esasan, ýa lirikasy ýa-da sazy üçin diňleýän.

Saparyň aýdymyna dolanyp gelsek, ahyrsoňy özüne işläp başlandygyna begendim, sebäbi aýdym-saz industriýasy kä wagt zalym bolup bilýär. Ýagşy niýet bilen işleşip ýörkäň, biderek mesele sebäpli hem döredijilikden, hem adamlardan sowadyp bilýär. Başda düşünmesemem, soňundan okap görenimde, aslynda, “I did it” aýdymynyň bir manifesto äheňiniň bardygyna göz ýetirdim. Aýdymyň şu sözler bilen başlamagy hem muny subut edýär:

“Success is like being pregnant, everyone says congratulations but nobody knows how many times you got fu*ked”

Aýdymyň adyny iki tarapa çekip bolýar: “Onam, şunam men etdim” ýa-da “Men ahyrsoňy başardym.” Ýokardaky sözleri hem göz öňünde tutanyňda ikinjisi has ýerlikli ýaly.

Saparly gürrüňi jemlesem, gelejekde türkmen dilinde hem işlerine garaşýan. “Just do it as you did it before” diýesim gelýär (ýöne türkmen dilinde 😊).

Agzap geçen “Suw sep” aýdymyny ýaşy 30 töwerek bolanlaryň aglabasy çagalygyndan ýa-da ýetginjeklik döwründen ýatlaýan bolmagy mümkin. Gara öýüň içinde oturan iki ýaşuly bilen başlaýan klibiň sýužeti meň-ä häzirem ýadymda. Şol aýdymyň Sopranoman, b’cave, Däli Däde dagylar tarapyndan täzeden işlenilmegi taryh bilen häzirki döwri birleşdirýän faktor hökmünde hyzmat etdi. Elbetde, bu bolsa aýdymyň sözleriniň täzeden gündelik ulanylýan dile girmegine hem sebäp bolýar. Öňki aýdymlaryň täzeden işlenilmegini eýýäm iküç ýyl bäri ýerli aýdym-saz industriýasynda görmek bolýar. Şeýle işleriň iň soňky nusgasyny bolsa Rorazbiniň “Gara Seýitli” albomyndaky bir aýdymda görmek bolýar. Onuň haýsydygyny tapmagy bolsa saňa goýýan.

reňkli poçtanyň bu sanyny hem soňuna çenli okanyň üçin sag bolsunymy bildirýän. Bu poçtany tanyş-bilişleriň bilen hem paýlaşmagy unutma. Eger poçta arkaly ýazylman, eýsem saýtdan okaýan bolsaň, onda haýal etmän e-poçtaň arkaly ýazylmagyňy hem maslahat berýärin. 🔽

“Your email” diýýän ýerine öz elektron poçtaňy ýazyp, ýanyndaky “Get this newsletter” ýazgysyna basmagyň ýeterlik.

Sebäbi öňümizdäki hepdelerden başlap, bu poçtany okamak üçin bize kofe alyp bermeli bolmagyň mümkin. Ýöne şol wagta çenli poçta ýazylanlaryň ählisine soňra hem arkaýyn okamaga mümkinçilik bolar. 😉

--

--